Eýranyň Saderat banky türkmen telekeçilerine akreditiw berer

Eýranyň Saderat banky türkmen telekeçilerine akreditiw berer

Eýranyň Saderat bankynyň Aşgabatdaky wekili ýakyn wagtda bankyň Türkmenistandaky şahamçasynyň türkmen telekeçilerine akreditiw berjekdigini aýtdy. Bu barada ol şenbe güni şu ýylyň 17-nji iýunynda Maşad şäherinde geçiriljek türkmen-eýran sergisine bagyşlanyp geçirilen tanyşdyryş çäresiniň dowamynda mälim etdi diýlip, bu barada Business Turkmenistan habar berdi.

Tanyşdyryş çäresi Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Senagat we söwda sergi toplumynda geçirildi. Oňa Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales, Eýranyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bankyň Türkmenistandaky wekiliniň belleýşi ýaly, Saderat banky 30 ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barmak bilen, hususy telekeçilere töleg üçin kepillik hatlaryny berip gelýär. Bu kepillik haty müşderä haryt, iş ýa-da hyzmatlar üçin töleg möhletini bozmazdan yza süýşürmäge mümkinçilik berýän resminama bolup durýar.

Ýeri gelende bellesek, akreditiw nagt däl tölegiň bir görnüşi bolup, onda tölegler alyjy tarapyndan satyja gönümel däl-de, bankyň araçylygy arkaly geçirilýär. Töleg resminamasy telekeçilere maliýe goldawyny almaga we işlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurtlaryň arasyndaky söwda we maýa goýumlarynyň ösmegine goşant goşýar.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň ’Saderat’’ banky türkmen telekeçilerine akreditiw berer
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Noýabr aýynda Aşgabatda eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Aşgabatda Eýranyň senagat önümleriniň sergisi geçiriler
Eýran harytlarynyň sergisi geçiriler
Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy