“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermeris”

“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermeris”

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermejekdiklerini aýtdy.

Premýer-ministr Netanýahu ysraýylly esgerler üçin geçirlen gutardyş dabarasynda eden çykyşynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçdi.

Ysraýylyň Eýranda erkin hereket etmek mümkinçiligine eýedigini öňe süren Netanýahu, Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermejekdiklerini belledi.

Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri hakynda hem durup geçen Netanýahu, maksatlaryna ýetýänçä hüjümleri dowam etdirjekdiklerini ýatlatdy.

Dabarada çykyş eden Ysraýylyň Goranmak ministri Gallant hem ýurtda has köp esgere mätäçdiklerini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklara “alada” bildirdi
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Ysraýylyň Goranmak Ministri Wezipesinden Boşadyldy
ABŞ Netanýahu sebäpli Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy kanun taslamasyny