Eýranyň Ýaşlar we Sport Ministriniň Münen Dikuçary Heläkçilige Uçrady

Eýranyň Ýaşlar we Sport Ministriniň Münen Dikuçary Heläkçilige Uçrady

Eýranda Ýaşlar we sport ministri Hamid Sejadiniň münen dikuçary gonmaga taýarlanýarka heläkçilige uçrady.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Ýaşlar we sport minisri Sejjadi bilen ýanyndakylaryň münen dikuçarynyň uçarmany Kirman welaýatynyň Baft şäherindäki sport kompleksine gonmaga taýarlanýarka gözegçiligi ýitirdi.

Dikuçar heläkçiliginde 3-i agyr 18 adam ýaralandy.

Heläkçilikde Ýaşlar we Sport ministrliginiň Sportdan jogapkär Baş müdüri Ismail Ahmedi ýogaldy.

Ýaşlar we sport minisri Sejjadiniň hem heläkçilikde ýaralanandygy nygtaldy.

Heläkçilikde ýaralananlaryň arasynda halk deputaty Sameddulah Muhammediniň hem bardygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzda bir hepdede dört çaga suwa gark boldy
ABŞ-da Iki Kiçi Uçar Heläkçilige Uçrady
DKTR-da Bolan Ýol Heläkçiliginde 1 Esger Şehit Boldy
Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady