Eýranyň Ynkylap goragçylary ABŞ-nyň Kuweýtdäki howa bazasyny nyşana alandygyny aýtdy

Eýranyň Ynkylap goragçylary ABŞ-nyň Kuweýtdäki howa bazasyny nyşana alandygyny aýtdy

Eýranyň Ynkylap goragçylary Eýranyň günortasyndaky Bender Abbas howa menziliniň golaýynda amerikan howa hüjümine jogap hökmünde Kuweýtdäki ABŞ-nyň howa bazasyny nyşana alandygyny habar berdi.

Eýranyň ýarym resmi Tasnim habarlar agentliginiň maglumatyna görä, Eýranyň Ynkylap goragçylary jogap hüjüminiň penşenbe güni irden sagat 04:50-de, ABŞ-nyň Bender Abbas port şäheriniň howa menziliniň golaýyndaky ýere howa hüjümini gurandygyny aýdanyndan birnäçe sagat soň amala aşyrylandygyny habar berdi.

Beýanatda: “Bu jogap hüjüm duşmana hüjümiň jezasyz galmajakdygynyň çynlakaý duýduryşydyr, hüjümler gaýtalanan halatynda, biziň jogabymyz has-da aýgytly bolar” diýip nygtaldy.

ABŞ-nyň harbylary bu mesele boýunça dessine beýanat bermedi.

Şu gün irden ABŞ-nyň resmisi ABŞ-nyň harby güýçleriniň Ormuz bogazynyň golaýynda howp döredýän Eýranyň dört sany uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigini we bäşinji uçarmansyz howa ulagyny uçurmaga taýýarlanýan Bender Abbasdaky Eýranyň ýerüsti dolandyryş desgasyna hüjüm gurandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ harby gämilerine edilen 'sebäpsiz' hüjümlerden soň Eýranyň deňiz we harby desgalaryna zarba urandygyny aýdýar
Eýran ABŞ-nyň Kuweýtdäki howa bazasyna hüjüm gurady
Pakistanyň Içeri işler ministri Tähranda saparda boldy
Kabul: Eýran bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurdyr
Eýranda ýer titreme boldy
Eýran Russiýadan günde 9 million kubmetr tebigy gazy import eder