Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri iş sapary bilen Aşgabada geler

Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri iş sapary bilen Aşgabada geler

Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdada Bazrpaş iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on ýedinji utgaşdyryjy mejlisinde mälim edildi diýip, Eýranyň Mehr habarlar gullugy habar berdi.

Belläp geçsek, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on ýedinji utgaşdyryjy mejlisinde türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýagdaýy we iki ýurduň arasyndaky öňki şertnamalaryň gidişi barada maglumat berildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dört serhet geçelgesiniň üsti bilen ikitaraplaýyn söwdanyň geljegine, serhet gatnawyny ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Mejlisiň Gün tertibinde beýleki meseleler bilen birlikde üstaşyr geçiş, nyrhlar, Ýaşyl geçelgeler, demir ýol, gara ýol, deňiz we howa gatnawy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda mälim edilen görkezijilere laýyklykda, Türkmenistanyň Eýrandan importynyň bahasy 321 million dollara hem-de möçberi 741 müň tonna, Türkmenistanyň Eýrana eksporty bolsa (243 million dollar)122 müň tonna boldy.

Ýene degişli makalalar

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda 'halkyň sesi hökmünde tanalýar', diňleýjiler goldaw beýan edýär
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Türkmenistan Eýrana günlik 10 million kubmetr gaz eksportyny synagdan geçirdi
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran geçelgesiniň ösdürilmegi ylalaşyldy
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar