Eziz mähribanlar ýürekden gitmez, Watan merdanlaryň baky unutmaz

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Beýik Ýeňiş gününe bagyşlap “Eziz mähribanlar ýürekden gitmez, Watan merdanlaryň baky unutmaz” atly duşuşyk geçirdi.Türkmenistanyň Döwlet arhiwinden uruş ýyllarynda ýazylan üç burç hatlary hormatly myhmanymyz Zaharýan Robert Warastanowiç ýaş nesillere görkezdi.

Bu bolsa Beýik watançylyk urşy ýyllarynda jeň meýdanyndaky esgerleriň göwnüni ganatlandyryşy dogrusyndaky ýatlamalary döreden ol üç burç hatlary öz elleri bilen görüp, okamaklary ýaş nesilleriň şu zamany arzuwlap öten pederleriň geçen şöhratly we merdana ýoly bilen tanyş bolmaklaryna esas döretdi. “Men gaýdyp gelerin” atly mekdep okuwçylarynyň goýan gysgaça sahna eserine hem tomaşa edildi.

Watançy esger Berdimuhammet aganyň manyly ömür we durmuş ýoly hakdaky täsirli gürrüňler has-da özüne çekiji boldy.Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar uruş weteranlaryna çäksiz sarpa goýýan, halkymyzy parahat asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ýeňiş gününiň hormatyna
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANAN DABARALAR
OLAR HALKYMYZYŇ HAKYDASYNDA BAKYDYRLAR
Prezident Berdimuhamedow kakasynyň mertligi hakynda kitap ýazdy