Fahrettin Altun: "Netanýahunyň esassyz aýyplamalary netijesiz galar" diýdi

Fahrettin Altun: "Netanýahunyň esassyz aýyplamalary netijesiz galar" diýdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň jenaýatlarynyň üstüni ýapmak üçin Türkiyäni nyşana alandygyny belläp: "Onuň ýalanlary, aldawlary, esassyz aýyplamalary we gün tertibini üýtgetmek bilen bagly tagallalary netijesiz bolar" diýip nygtady.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun sosial media hasabyndan beren beýanatynda, bigünä asuda ilata garşy edilen gyrgynçylygy gizläp biljek ýalanlaryň, dezinformasiýalaryň ýa-da aldawlaryň ýokdugyny belläp: "Şonsuz hem taryh Netanýahuny sebitimizi we öz ýurduny betbagtçylyga çeken lider hökmünde ýazdy" diýip habar berdi.

Netanýahunuň wyždansyz uruşyň tarapdary bolan hökümet agzalary global güýçlerden nähili goldaw alýandygyna garamazdan sebitde parahatçylyga we durnuklylyga bolan umytlary puja çykaran düýbünden şowsuz lider hökmünde taryha adynyň ýazyljakdygyny aýdan Altun: "Netanýahu we onuň hökümeti tarapyndan geçirilen etnik saplaýyş sebäpli palestinalylar köp ejir çekdiler we häzirki wagtda hem ejir çekmäge dowam edýärler. Ähli güýjümiz bilen şol syýasatlara garşy durmaga dowam ederis.

Onuň ýalanlary, aldawlary, esassyz aýyplamalary we gün tertibini üýtgetmek bilen bagly tagallalary netijesiz bolar" diýip mälim etdi.

Biz Türkiye hökmünde Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Palestinada hakykaty, adalady we kolonializmiň ortadan aýrylmagyny tutanýerlilik bilen goldamaga dowam ederis. Adalatly we gutarnykly çözgüt boljakdygyna ynanýan iki döwletli çözgüt üçin zähmet çekmegi dowam etdireris. Palestinaly doganlarymyz bilen doly raýdaşlygymyzy dowam etdireris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi
Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer
Eýran Bilen Dartgınlıň Ýeke-täk Günäkäri Netanýahu
Gazadaky çaknyşyklarda 21 ysraýylly esger öldürildi
Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi
Gersi Halewi Liwan serhedinde söweş mümkinçiliginiň "öňküsinden has ýokarydygyny" aýtdy