Farap şypahanasy melhemler mekany

Farap şypahanasy  melhemler mekany

Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, häzirkizaman binagärlik sungatynyň nazaryýeti siňen Farap şypahanasy ýurdumyzyň şypahanalar ulgamynyň iň esasylarynyň biridir.Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Farap şypahanasy ildeşlerimiziň zähmet rugsadyna çykýan tomus paslynda has-da köp adamly.

Onuň esasy sebäbi bolsa, bu ýerde ýeriň aşagyndan çykýan tebigy melhem suwunyň bejerijilik ähmiýetiniň we bu ýere gelýänlere edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hil derejesiniň ýokarylygydyr.Jemi 250 orunlyk bu melhemler mekanyna gelýänleriň güler ýüz bilen mähirli garşy alynmagy, sagaldyş-bejeriş çäreleriniň ýokary derejede bolmagy, boş wagtyňy netijeli geçirmek, medeniýetli dynç almak üçin ähli şertleriň döredilmegi, naharhana we beýleki hyzmatlaryň göwnejaý ýola goýulmagy bu şypaly ýerde saglygyny berkidýän ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär. Şypahana anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinden ybarat bolup, olaryň ählisi dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Melhemler mekanynyň anyklaýyş bölümi endoskopiýa, rentgen, ultrases barlag, elektrokardiograf, kliniki-biologiki barlaglar we beýleki döwrebap enjamlar bilen doly üpjün edilendir. Şypahananyň bejeriş bölüminde fizioterapiýa, owkalama, iňňe bilen bejeriş hem-de bedenterbiýe otaglary bar. Şeýle hem şypahanada palçyk bilen bejerilýän otag bar.

Bulardan başga-da bu ýere saglyklaryny dikeltmäge we dynç almaga gelýän raýatlarymyz üçin göz, diş, gulak-burun-bokurdak, iç keselleri lukmançylyk otaglary hyzmat edýär. Şypahananyň saglygyňy berkitmeklige niýetlenen bedenterbiýe otagynda ýerleşdirilen häzirkizaman sport enjamlary hem bu ýere gelýänler tarapyndan höwes bilen peýdalanylýar. Şypahanada sagaldyş-bejeriş işleriniň tebigaty boýunça himiki elementlere baý bolan mineral suw bilen utgaşdyrylyp bejerilmegi, ýeriň aşagyndan çykýan bu suwuň düzüminde otuz ikiden gowrak himiki elementiň bolmagy bu şypahananyň aýratynlygydyr.

Hünärmenleriň bellemeklerine görä bu ýerde ulanylýan bejeriji suwuň himiki, fiziki düzümi dünýäniň meşhur şypahanalarynda peýdalanylýan mineral suwlarynyňkydan pes däldir.Bu bolsa bejeriş işleriniň netijeliligini artdyrýar, şypa tapýanlaryň sanynyň barha artmagyna getirýär.

Farap şypahanasynyň melhem suwy 830 890 metr çemesi çuňlukdan öz gözbaşyny alýar we 39 gradus ýylylykda tebigy basyş bilen öz akymyna şypahana getirilýär.Bejergi wannalarynda mineral suwuň temperaturasynyň 37 38 gradus ýylylykda saklanylmagy onuň düzüminiň ilki başdaky görnüşde saklanmagyny, diýmek, bejerijilik ukybynyň ýokary derejede bolmagyny üpjün edýär.

Bu ýerde bejeriji tebigy suw bilen doldurylan 150 kub metr ýapyk suw howdanynyň hereket edýändigini hem ýatlap geçmek zerurdur. Şypahanada kükürtli wodorodly, ýod-bromly suwly otaglar, şeýle-de Şarko duşy, aýlawly duş, suw arkaly owkalama, şeýle-de ýöriteleşdirilen wannalaryň 18 sanysy bu ýere gelenlere hyzmat edýär. Şypahanada bejeriji mineral suw bilen birlikde daýanç-hereket synalaryny, nerw, iýmit siňdiriş, ýürek-gan damar ulgamlaryny, aşgazan-içege, bagyr we öthaltanyň kesellerini, guragyry, deri kesellerini, aýallaryň synasynda döreýän näsazlyklary we başga-da birnäçe sökellikleri bejermeklik kämil lukmançylyk enjamlarynyň üsti bilen ingalýasiýa, magnit terapiýasy, UWÇ, elektroforez we beýleki usullar arkaly amala aşyrylýar.

Bu ýere gelýänleriň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek üçin endoskopiýa, ultrases barlagy otaglarynyň, EKG enjamynyň, şeýle hem barlaghananyň hereket edýändigini-de bellemek möhümdir. Ýeri gelende şypahanada bejeriji, iň kämil döwrebap tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny-da belläp geçmek bolar.

Bu ýerde şu möwsümde çekim, limfodrenaž, elektroforez we ozonoterapiýa enjamlarynyň saglygyny berkidýän ildeşlerimize hyzmat edip başlamaklary oňa aýdyň mysaldyr.Ozonoterapiýa otagynda ozon gazynyň we kislorodyň garyndysyny fizioterapewtik usuly ulanmak arkaly bedeniň gan aýlanyşygy gowulandyrylýar, kesele garşy göreşijilik ukyby ýokarlanýar, dokumalary we agzalary kislorod bilen doly üpjün edilýär. Şeýle-de bu ýere gelýän ildeşlerimiz ýokarda agzalan enjamlar arkaly oňurga gyşarmalaryny bejertmäge, bedendäki sowuklamany aýyrmaga mümkinçilik alarlar. Şypahanada täze işe girizilen bug çelegi hem deri kesellerini bejermeklige, gan aýlanyşygy gowulandyrmaklyga, deriniň sagdyn, näzik we gözel bolmaklygyny üpjün etmeklige niýetlenendir.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklodepik eserinde melhemlik häsiýetleri beýan edilýän otlardan taýýarlanan şypa beriji çaýlary hödürleýän fitobar hem saglygyny berkidýän ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri.

Farap şypahanasynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussatlarynyň, Farap etrabynyň medeniýet bölüminiň döredijilik toparlarynyň yzygiderli bolup, şowhunly konsertler bilen çykyş etmekligi, bu ýere gelýänleriň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ekologlary we ugurdaş edaralaryň wekilleri ýurduň OWM boýunça Monreal protokolyny ýerine ýetirişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar
05.06.2018 | Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat
Döwlet edaralarynyň wekilleri ODM-y dolanşykdan aýyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Ozon merkezi sowadyjy enjamlar we split-ulgamlary boýunça hünärmenler üçin seminar gurady
Ählumumy tagallalaryň jähtinden ozon gatlagynyň goragy