​​​​​​​ Farenžitde tebigy bejergi usullary…

​​​​​​​ Farenžitde tebigy bejergi usullary…

Faranžit näme?

Faringit, agyz we burun boşlygynyň yzyndaky bokurdak zolagynyň iriňlemesidir. Bokurdak agyrysy hökmünde-de atlandyrylýan faranfit, bokurdagyň gijemesine we ýuwdunma kynçylygyna sebäp bolýar.

Faranžidiň öňüni nädip almaly?

Elleri gowy we kadaly ýuwmak,

Üsgürýärkäň ýa-da asgyrýarkaň agyzy we burny ýapmak,

Ýokanç wiral ýa-da bakterial keselleri bolan adamlar bilen ýakyn gatnaşykdan çetde durmak,

Çilim çekmekden we çilimiň tüssesine sezewar bolmakdan çetde durmak,

Tozanly ýerlerden we hapa howadan dem almazlyk,

Aşa yssy we sowuk azyklary sarp etmezlik,

Iş we ýaşaýyş giňişligini mümkin gadar howalandyrmak,

Himiki maddalardan çetde durmak peýdalydyr.

Faranžidi nahili bejermeli?

Günüň dowamynda bol suw içmek, ýyly duzly suw bilen bokurdagy çaýkamak, towuk çorbasy ýaly peýdaly naharlary iýmek faranžidiň bejergisinde peýdalydyr.

· Faringitde çopançeltek, narpyz, ekinesiýa we buýanyň köki ýaly ösümlik çaýlaryny içmek,

· Bol suw içip, bokurdagyň guramagynyň öňüni almak,

· Ýyly duzly suw bilen bokurdagy çaýkamak,

· Bal iýip, bokurdagyň gijilewügini aýyrmak,

· Gije bokurdagyň guramazlygy üçin aram-aram ýyly suw içmek,

· Towuk çorbasyny içmek,

· Dynç almak maslahat berilýär.

Faringit üçin nämeler peýdaly? Tebigy bejergi maslahatlary nämeler?

1. Mudres, ehinaseýa ýaly ösümliklerden peýdalanyň.

Ehinaseýa we mudres çaýy bokurdagyň ahyrysyny we gijilewügi azaldýar. Mudres antibakterial we antiseptiki özbolyşlyga eýedir. Ehinaseýanyň bolsa immuniteti güýçlendiriji aýratynlygy bardyr. Mudresiň çaýyny bokurdagy çaýkamak üçin peýdalanmak maslahat berilýär.

Mudresiň taýýarlanylyşy: 1 käse suwy gaýnadyp, içine 1 datly çemçesi mudres çaýyny goşuň. Pes otda 10 minut gaýnadyň. Sowadylan ergin bilen günde 2-3 gezek bokurdagyňyzy çaýkaň. Ergini 24 sagadyň dowamynda ulanmak maslahat berilýär.

Çig sarymsak iýiň

Bokurdak agyrysy üçin sarymsak iýmegiň iň aňsat ýoly, çigligine çeýnemek ýa-da bir dilim alyp, 15 minudyň dowamynda sormakdyr. Çig sarymsagy aňsatlyk ýuwutmak üçin gyrgyçdan geçiriň, üssüne bal ýa-da zeýtun ýagyny goşuň.

Narpyz çaýyny içiň.

Birnäçe peýdaly tarapy bolan narpyz, çeýnelen halatynda faringit hassalygy üçin hem peýdalydyr. Narpyz, bykurdak agyrysyny köşeşdirip, gury üsgülewigi ýeňledýär. Narpyz demlenip, çaý görnüşinde içilip bilinýär.

Alma sirkesi.

Alma sirkesiniň faringidiň bejergisinde 1 nahar çemçesi organiki alma sirkesini bir käse ýyly suwa goşup, bir çemçe baly garyň we günde 1-2 gezek içmek maslahat berilýär. Şeýle hem alma sirkesi bilen bokurdagy çaýkamak bakeriýalaryň arylmagyna sebäp bolýandygy üçin faringidiň bejergisinde peýdalydyr.

Zenjebil

1 datly çemçesi gyralan ter zenjebili 1 käse suwda 5 minut gaýnadylmaly. Ergin süzülip, içine birnaçe limon suwuny damdyrylýar we bir datly çemçesi bal goşulýar.

Zerdeçal

Günde 2 gezek bokurdak çaýkalanda faringidiň bejerginde gowy netijeler berýan ergin, ýarym datly çemçesi üwelen zerdeçalyň 1 nahar çemçesi duzuň bir käse suwa goşulmagy arkaly taýýarlanylýar. Gaýnadylman, gysga möhlede taýýarlamak mümkin. Ergini 2-3 gezek içmek maslahat berilýär.

Bal

1 nahar çemçesi bal bilen 1 nahar çemçesi organiki alma sirkesini garmak arkaly taýýarlanýan ergini 4 sagatdan bir içmek maslahat berilýär.

Bokurdagy duzly suw bilen çaýkamak:

3 datly çemçesi duzy 2 käse ýyly suwa goşup, garyň. Ergin agyzy çaýkamak üçin peýdalydyr. 3-5 gün aralygynda günde birnäçe gezek çaýkamak peýdalydyr.

Ýene degişli makalalar

Peskow: “ABŞ-nyň Russiýany Günäkärlemesi Ýerliksiz”
Kämil kanunçylyk esasy — dogry netije
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi