Ferrari tormozyndaky näsazlyk sebäpli 23 müňden gowrak awtoulagy yzyna ýygnaýar

Ferrari tormozyndaky näsazlyk sebäpli 23 müňden gowrak awtoulagy yzyna ýygnaýar

Ferrari 23 555 awtoulagyň eýesine haýal etmän serwise gelmegi sargady - bu italýan kompaniýasynyň taryhynda iň köp ulagy öz içine alýan çagyryşdyr. Awtouglaryň yzyna ýygnalmagynyň çynlakaý sebäbi bar: tormoz suwuklygynyň syzylyp dökülýändigi üçin ulaglaryň tormozy işlemän galmagy mümkin (gyzykly ýeri, Ferrari 2021-nji ýylyň oktýabrynda hem edil şol kemçilik sebäpli 10 müň ulagy yzyna çagyrypdy).

Täze çakylyk 2005-nji ýyldan bäri çykarylan birgiden modelleri öz içine alýar. Çagyrylmaga degişli modelleriň sanawy:

2005-2009 Ferrari 430 2005-2011 Ferrari 612 Scaglietti 2009-2017 Ferrari California 2010-2011 Ferrari 612 2012-2016 Ferrari FF 2013-2017 Ferrari F12 Berlinetta 2013-2015 Ferrari LaFerrari 2015-2017 Ferrari California T 2016 Ferrari F60 America 2017 Ferrari F12 TDF 2017 Ferrari LaFerrari Aperta 2017-2020 Ferrari GTC4 Lusso 2018-2020 Ferrari GTC4 T 2018-2022 Ferrari Portofino 2018-2022 Ferrari 812 2019-2020 Ferrari 488 Pista 2020-2022 Ferrari F8 Spider 2020-2022 Ferrari F8 Tributo 2021-2022 Ferrari Roma

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Çempionyň 50-nji ýeňşi
Anjelina Joliniň ulagy satylar
Italiýa Aşgabatda täze ilçi belleýär
Ferstappen möwsümi ýeňiş bilen tamamlady