Ferula fotosurat bäsleşigini yglan edýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlap, Aşgabadyň Ferula fotokluby Ferula 2022 III Halkara fotosuratlar bäsleşiginiň başlandygyny yglan etdi.

Nobatdaky bäsleşik ÝUNESKO-nyň ýanynda hereket edýän fotografiýa sungaty halkara federasiýasynyň (FIAP), Amerikanyň fotografiýa jemgyýetiniň (PSA), şeýle hem IS halkara klubunyň howandarlygynda geçiriler.

Oňa gatnaşmaga isleg bildirýänler www.isalons.net saýtynda hasaba durmalydyrlar. Fotosuratlar Erkin reňkli surat, Erkin ak-gara surat, Toý, Fotožurnalistika ýaly dört ugurdan kabul edilýär.

Şu ýylyň 8-nji noýabry bäsleşige gatnaşýan işleriň kabul edilýän soňky günüdir, bäsleşigiň netijesi Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda yglan ediler. Fotosuratlar bäsleşigine dünýäniň 40 ýurdundan fotosuratçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Oňa gatnaşýanlar FIAP-yň, PSA-nyň, IS-niň we Aşgabadyň Ferula fotoklubunyň halkara altyn, kümüş we bürünç medallary ugrunda bäsleşerler.

Işlere halkara guramalaryň agzasy bolan ussat fotosuratçylar baha bererler. Bu gezek eminler toparynyň hatarynda Nino Mgebrişwili EFIAP (Gruziýa), Sergeý Maýorow EFIAP (Russiýa), Wýaçeslaw Sarkisýan EFIAP (Türkmenistan) bar.

Şu güne çenli Türkmenistanda geçirilýän Halkara fotosuratlar bäsleşigine gatnaşmaga dünýä ýurtlarynyň 22-sinden gowragynyň wekilleri höwes bildirdiler.Onuň guramaçylarynyň elektron poçtasyna Angliýadan, Awstraliýadan, Bolgariýadan, Belgiýadan, Germaniýadan, Hindistandan, Italiýadan, Ysraýyldan, ABŞ-dan, Ukrainadan, Hytaýdan, Russiýadan, Çehiýadan, Çiliden we beýleki ýurtlardan islegler gelip gowuşdy.

Geçen ýylky Ferula 2021 bäsleşiginde Türkmenistandan M.Abdyllaýew IS-niň kümüş, S.Krupskaýa Ferula bürünç medaly bilen sylaglandylar, B. Şyhlyýew bolsa IS-niň Hormat lentasyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Ferula 2022 III Halkara fotosuratlar bäsleşigi badalga aldy
II Halkara fotobäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Hytaý türkmen gaz lukmasyndan ýene uly bölegi goparmaga çalyşýar
Pariž awtoulag sergisi elektroulaglar köpelýär
27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
Türkmenistan-Singapur: köpugurly hyzmatdaşlygyň berk binýady