FIFA 2018 Dünýä çempionatyna tarap AFRIKANYŇ ILKINJI WEKILI

Afrika futboly diýlen ilkinji bolup ýadyňa düşýän toparlaryň biri-de Müsüriň ýygyndysydyr.Yklymyň kubogyny iň köp gazanan Müsür Dünýä Kubogyna gatnaşmaga gezek gelende, şol derejedäki görkezijiden pesräk netije görkezýär.

Afrikanyň hatda, Orta Gündogaryň adyndan wekilçilik eden ilkinji topar hökmünde taryha adyny ýazdyran Müsüriň ýygyndysy Dünýä Kubogynda 3-nji gezek özüni synar.Ýurduň futbol federasiýasy 1921-nji ýylda döredilýär.1923-nji ýylda FIFA-nyň, 1957-nji ýylda-da şol ýyl döredilen Afrika futbol konfederasiýanyň (CAF) agzasy bolýar.

Ilkinji halkara resmi duşuşygynyň Italiýa bilen geçiren müsürliler Belgiýanyň Gent şäherinde oýnalan bu oýunda 21 hasabynda utulýar.Müsüriň ýygyndysy Afrikanyň Milletler kubogyny 7 gezek eýeläp, bu ugurda birinji hatarda barýar.Müsüriň ýygyndysy mundan öň 2 gezegem Italiýada guralan Dünýä çempionatlarynda çykyş edýär.

Olaryň ilkinjisi 1934-nji ýyldaky Dünýä çempionatydyr.Afrikanyň adyndan gatnaşan ilkinji ýygyndy bolan Müsür saýlama tapgyrynda şol wagtky Palestinany 2 oýunda-da (71, 41) ýeňip, 2-nji Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazanýar. Çempionatyň 1-nji tapgyrynda Wengriýa bilen duşuşýar.

Neapol şäherinde geçirilen duşuşykda Müsür 42 hasabynda utulyp, diňe bir özleri üçin däl, eýsem, yklym üçin taryhy ýaryşdan ir dolanmaly bolar.Oýunda afrikalylaryň gollarynyň ikisini-de 31-nji we 39-njy minutlarda Abdulrahman Fawzi derwezä girizýär.

Wengerlerdenem Teleki (11), Toldi (27, 61) hem-de Winçze (53) tapawutlanýar.Müsür Dünýä çempionatlaryndaky 2-nji gezekki synanyşygyna juda köp garaşmaly bolýar. 56 ýyldan soň, bu görkeziji rekorda deň bolup, ony Norwegiýa hem gaýtalaýar (1938, 1994). 1974-nji ýyldaky Dünýä çempionatyna çenli Müsüriň ýygyndysy diňe 1 gezek saýlama tapgyryna gatnaşyp, galanlarynda saýlama tapgyrynda-da çykyş etmeýär. 1974-nji ýyldan soň, saýlama tapgyrynda yzygiderli çykyş edip başlan Müsür 1990-njy ýylda ýene-de Italiýadaky Dünýä çempionatyna ýollanma alýar.

Ol şonda Afrikanyň 2 wekilinden biri bolýar.Beýlekisi Waleriý Nempomnýaşiniň tälimçiligindäki Kamerunyň ýygyndysydy. “Faraonlar” lakamly Müsüriň ýygyndysy yklymlaýyn saýlama tapgyrynyň finalynda Alžirden 2 oýnuň netijesi boýunça 1-0 üstün çykýar.

Dünýä çempionatynda “F” toparçada Angliýanyň, Irlandiýanyň hem-de Gollandiýanyň ýygyndylary bilen duşuşýar.Palermodaky oýunda gollandlar bilen 1-1 deňme-deň oýnaýar. 58-nji minutda Kieft bilen öňe saýlanan gollandlara Müsüriň ýygyndysy 83-nji minutda Abdelganiniň penalti goly bilen jogap berýär.

Müsüriň 2-nji duşuşygy-da deňlikde tamamlanyp, olaryň Irlandiýa bilen geçiren oýnundan gol ses çykmaýar. 3-nji duşuşygynda bolsa, Raýtyň ýeke-täk goly esasynda Angliýadan 1-0 asgyn gelýär we 2 utuk bilen çempionaty tamamlaýar.Öz meýdançasyndaky duşuşyklarynyň hemmesini diýen ýaly 2012-nji ýyla çenli Kair halkara stadionynda oýnan Müsüriň ýygyndysy oýunlaryny 8 ýyldan bäri-de aglaba Aleksandriýadaky “Borg El-Arab” stadionynda geçirýär.

Milli toparyň iň netijeli oýunçysy Hossam Hassan bolup, ol 169 oýunda 70 gezek tapawutlandy.Müsüriň ýygyndysynda iň köp çykyş eden futbolçy-da Ahmed Hassan bolup, ol 184 gezek milli toparynyň köýnekçesini geýdi.

Ol dünýäde-de milli ýygyndylarda iň köp duşuşyga gatnaşan futbolçydyr.Müsürliler şu wagta çenli iň köp Tunisiň milli topary bilen duşuşyk geçirdi (34 oýun).Müsüriň ýygyndysyna dürli döwürlerde dürli-dürli tälimçiler tälim berdi.

Ilkinji tälimçisi Husseýin Hegazi bolup, ondan başga-da şotlandiýaly Jeýms MakKreý, germaniýaly Dettmar Kremar, rumyniýaly Mirsea Radulesku, italiýaly Marko Tardelli, amerikaly Bob Bredli, şeýle-de ýerlilerden Tewfik Abdullah, Mahmud El-Gohari (3 döwür tälim berdi), Mohsen Saleh, Hassan Şehata (6 ýyllap, iň uzak wagt tälim beren tälimçisi), Şawki Garib dagyny agzamak bolar.

Häzirki wagtda, 2015-nji ýyldan bäri, topara aglaba işlän klublaryny finala çykarmagy bilen adygan, dünýä belli argentinaly Hektor Kuper tälim berýär.Umuman Dünýä çempionatlarynda 4 gezek duşuşyp, 2-sini deňlikde tamamlan we 2-sinde-de utulan Müsür jemi 3 gol geçirdi, 6 pökgini-de toruna goýberdi. 24 ýyldan soň 3-nji gezek Dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazanan Müsür “A” toparçada ýer eýesi Russiýanyň, şeýle-de bu kubogy 2 gezek asmana göteren Urugwaýyň hem-de Aziýanyň wekili Saud Arabystanynyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Saud Arabystany bilen 6 gezek duşuşyp, 4-sinde ýeňiş gazanýar (1 deňlik, 1 ýeňliş).Urugwaý bilen 1 gezek gabatlaşan Müsür onda-da 20 hasabynda utulýar.Russiýa bilenem ilkinji gezek duşuşar.

Toparyň häzirki wagtda iň esasy ýyldyzy, soňky döwürlerde diýseň şowly oýun görkezýän Mohamed Salahdyr.Diňe bir müsürliler däl, eýsem futbol janköýerleri-de Salahyň çempionatda ýokary netije görkezmegine garaşýar.

FIFA-daky kody: EGYIlkinji halkara resmi duşuşygy: Italiýa-Müsür: 2-1 (Gent, 28.12.1920)Iň uly hasaply ýeňşi: Müsür-Laos: 150 (Jakarta, 15.11.1963Iň uly hasaply ýeňlişi: Italiýa-Müsür: 11-3 (Amsterdam, 10.06.1928)Iň köp duşuşyk geçiren oýunçysy: Ahmed Hassan (184 oýun)Iň köp gol geçiren oýunçysy: Hossam Hassan (70 gol, 169 oýunda)

Ýene degişli makalalar

FIFA Katar 2022-niň eminlerini mälim etdi, zenan eminler hem çagyryldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
“Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň wise-çempiony
AFK-nyň KUBOGYNYŇ 15nji FINALY
Daşary Işler Ministri Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar