FIFA Dünýä Kubogy 2026-da näçe pul baýragyny berer?

FIFA Dünýä Kubogy 2026-da näçe pul baýragyny berer?

Dünýä futbolynyň hojaýyny FIFA geljek ýylyň tomsunda ABŞ, Meksika we Kanadada geçiriljek 23-nji Dünýä Kubogynyň umumy baýrak gaznasyny, şol sanda toparlara paýlanjak pul mukdaryny mälim etdi.

Umumylykda 727 million dollarlyk baýrak gaznasy bolup, ol Katar 2022 bilen deňeşdireniňde 50 göterim köp diýmekdir.

Her topar “toprak basdy”, ýagny gatnaşany üçin 1,5 million dollar baýrak alar. Toparçadaky duşuşyklardan soň bolsa 48 ýygyndynyň hersine 10,5 million dollar berler. Ýagny çempionata gatnaşan ýygyndylar iň azyndan 10,5 million dollarlyk pul baýragy bilen dolanarlar.

Çempion 50 million dollar alar

Çempionlyk gazanan ýygyndy 50 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglanar.Bu 2022-nji ýylda 42, 2018-nji ýylda 38 million dollara deňdi.Finalda utulan topar 33 million, 3-nji ýeri eýelän topar 29, 4-nji orunda tamamlan ýygyndy 27 million dollarlyk pul baýragyna mynasyp bolar. 5-8-nji ýerde tamamlanlar, ýagny çärýek finalda utulan ýygyndylara 19, 1/8 finaldan yzyna gaýdanlara 15 million dollar berler.

Toparçalardan çykyp bilmedikler, umumy sanawda 17-32-nji orny eýelänler 11, 33-48-nji ýeri eýelänler 1,5 million dollaryň üstüne 9 million dollar pul baýragyny alarlar.

Çempionat geljek ýylyň 11-nji iýuny 19-njy iýuly aralygynda geçirilip, 48 ýygyndy 12 toparçada özara duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
ABŞ heniz eýranly türgenlere wiza bermedi
Dünýä Kubogynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy
Türkmen janköýerleri Dünýä çempionatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar, özbek futbolçylarynyň gatnaşmagyna begenýär
FIFA 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatyny 64 ýygynda çenli giňeltmekçi
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler