FIFA Katar 2022-niň eminlerini mälim etdi, zenan eminler hem çagyryldy

FIFA Katarda geçiriljek Dünýä Kubogyna gatnaşjak eminleriň sanawyny mälim etdi. Şu ýylyň ahyrynda geçiriljek çempionatdaky 64 duşuşyga 36 emin eminlik eder. Ýagny FIFA 36 baş emini, 69 kömekçi emini hem-de 24 VAR eminini Katara çagyrdy.

Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek erkekleriň arasyndaky çempionatda zenan eminler hem jürlewük çalar.Sanawa 3 sany zenan baş emin fransiýaly Stefani Frappar, ruandaly Salima Mukansanga hem-de ýaponiýaly Ýoşimi Ýamaşita, şol sanda kömekçi eminler braziliýaly Neuza Bek, meksikaly Karen Dias Medina hem-de amerikaly Ketrin Nesbitt alyndy.

Umumylykda UEFA-dan 11, Günorta Amerikadan 7, Demirgazyk Amerikadan 5, Afrikadan 6, Aziýadan 6, Okeaniýadan hem 1 emin Katar 2022-de jürlewük çalar.

Käbir döwletlerden 2 emin çagyrylyp, olar Angliýadan Entoni Teýlor bilen Maýkl Oliwer, Braziliýadan Rafael Klaus bilen Wilton Sampaýo hem-de Argentinadan Fakundo Telio bilen Fernando Rapallanidir. Angliýadan Russiýa 2018-e hiç bir emin çagyrylmandy.

Gambiýaly 43 ýaşyndaky Bakari Gassama bassyr 3-nji Dünýä Kubogyna gatnaşar.

Mundan 4 ýyl öňki Russiýada geçirilen çempionata gatnaşan eminlerden eýranly Alireza Fagani, BAE-li Muhammed Abdulla Hassan Mohamed, zambiýaly Janni Sikazwe, meksikaly Sezar Arturo Ramos, polşaly Simin Marçiniak, ispaniýaly Antonio Mateu Lahoz, fransiýaly Klemen Turpen bu ýyl hem sanawa alyndy. Ýewropanyň öňdebaryjy eminlerinden italiýaly Daniele Orsato, niderlandlardan Danni Makkelie, germaniýaly Daniel Sibert, şol sanda sloweniýaly Slawko Winçiç bilen rumyniýaly Istwan Kowaç hem Katardaky futbol baýramçylygyna gatnaşar.

Çempionaty guraýjy Katardan bolsa, Abdulrahman Al-Jassim wekilçilik eder.

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Türkiyäniň Daşary işler ministri gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmelerini kabul etdi
92 ýyllyk Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek
Ýewropa çempionatynda argentinaly emin
Ýewropa çempionatynyň eminleri
30 emin jürlewük çalar