Fijini sil basdy, Wenesiýanyň meşhur suw kanallary gurady

Fijini sil basdy, Wenesiýanyň meşhur suw kanallary gurady

Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary howanyň ýaramazlaşmagyndan ejir çekýärler. Mysal üçin, Fiji adasynda yzyny kesmän ýagýan ýagynlar netijesinde ýollar gark boldy. Braziliýada suw süýşgünleri netijesinde däp bolup gelýän karnawallar möwsümi ýatyryldy.

Täze Zelandiýada Gabriel deňiz harasatyndan 11 adam heläk boldy, giden şäherler dünýäden üzňe galdy. Öýlerdir daýhan hojalyklaryny suw basdy, mallary sil sürüp äkitdi. Mekdeplerde okuwlar togtadyldy.

Deslapky hasaplamalara görä, çekilen maddy ýitginiň möçberi 8 milliard dollara ýetdi.

Emma şol bir wagtda Wenesiýadaky meşhur suw kanallary suw ýetmezçiligi sebäpli gurady. Şäherde adaty bolmadyk görnüşi synlamak bolýar, ýerli ýaşaýjylaryň meşhur gaýyklarynyň düýbüni çalaja suw ýuwýar. Jahankeşdeler üçin esasy güýmenjeleriň biri bolan gaýykly gezelençler togtadyldy. Ýerli häkimiýetler munuň howanyň üýtgemegi bilen baglydygyny aýdýarlar diýip, Habar 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
“Atalantanyň” yzly-yzyna 11-nji ýeňşi, “Ýuwentusyň” 10-njy deňligi
17.08.2017 | Aşgabatda “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi geçirildi