Filippinliler kenary nebitden elleri bilen arassalaýarlar

Filippinliler kenary nebitden elleri bilen arassalaýarlar

Geçen hepdede Filippinleriň kenarýakasynda gark bolan tankerden dökülen nebit ýurduň ştatlarynyň birnäçesiniň kenarýakalaryny eýeledi. Internetde ýerleşdirilen wideolarda ýerli ýaşaýjylaryň kenarda nebitönümlerini elleri bilen ýygnaýandygy görünýär diýip, Habar 24 ýazýar.

Nebit daşaýjy Princess Empress tankeri hereketlendirijisiniň näsazlygy sebäpli 2-nji martda Filippinleriň kenarýakasynda suwa gark boldy. Şonda açyk deňze senagat maksatly nebitönümleriniň 800 müň litri döküldi. Ýerli häkimiýetleriň bahalandyrmalaryna görä, dörän ýagdaý deňziň 40 kilometrlik kenarýakasyna howp salýar.

Ýene degişli makalalar

Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
18-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Filippinlerde bolan Trami tropiki tupanynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Peruda APEC-iň sammiti geçirildi
Filippinlerdäki tupanda 12 adam ýogaldy
22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Akylly şäherler geljegiň şäheri