
Hindistanyň hususy “Flipkart” onlaýn-riteýler kompaniýasy maliýeleşdirmegiň hasabyna 3,6 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýum çekendigini hem-de kompaniýanyň bahasynyň 37,6 milliard dollara deň bolandygyny habar berdi.
Onuň Singapuryň “GIC Pte. Ltd.” kompaniýasynyň baştutanlygyndaky maýadarlarynyň düzümine “Canada Pension Plan Investment Board (CPPIB)” kompaniýasy, Ýaponiýanyň SoftBank maliýe edarasynyň “Vision Fund 2” gaznasy hem-de “Walmart” girýär.
“Täze maýa goýum geleşigi “Flipkartyň” dünýäde iň gymmat hususy tehnologiýa kompaniýalaryň biri hökmündäki abraýyny berkitdi” diýip, “The Wall Street Journal” neşiri ýazýar.
“Bu maýa goýumlary Hindistanda sanly söwdany ösdürmäge ynamly garaýan halkara maýa goýumçylaryň barha köpelýändigini görkezýär. Hindiler onlaýn söwdalaşyklar arkaly howpsuz eltip bermek hyzmatyndan işjeň peýdalanyp başladylar” diýlip, ady tutulan kompaniýanyň habarynda nygtalýar.
“Flipkart” özüniň hasaba alnan ulanyjylarynyň sanynyň 350 milliona ýetendigini habar berdi.