Florida Tokio derek Olimpiýa oýunlaryny kabul etmegi teklip etdi

Florida Tokio derek Olimpiýa oýunlaryny kabul etmegi teklip etdi

Amerikanyň Florida ştatynyň maliýe edarasynyň ýolbaşçysy Jimmi Patronis 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryny ştatda geçirmegi teklip edip, Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) ýolbaşçysy Tomas Baha hat iberdi. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Patronis Floridanyň Oýunlary geçirmek üçin ähli zerur şertlere eýedigini belledi. Şol bir wagtyň özünde epidemiologik ýagdaý ýeterlik derejede gowy we pandemiýa döwründe ştatda sport çärelerini geçirmäge rugsat berildi. Ýatlap geçsek, soňky wagtlarda Ýaponiýanyň pandemiýa sebäpli 2020-nji ýyldan 2021-nji ýyla süýşürilen Olimpiýa oýunlaryny geçirmekden ýüz öwürmegi barada maglumatlar peýda boldy.

Emma Ýaponiýanyň häkimiýeti Oýunlara taýýarlygy dowam etdirýändigini we Olimpiýa oýunlaryny ýatyrmak barada hiç hili kararyň kabul edilmändigini aýtdylar. Ýaponiýa ýaryşlary çäkli tomaşaçynyň gatnaşmagynda ýa-da asla tomaşaçysyz geçirmegi göz öňünde tutýar. Ýeri gelende bellesek, Kyodo agentliginiň ýakynda geçiren telefon arkaly pikir soraşmasyna görä, Ýaponiýanyň ilatynyň 80 göterimi 2021-nji ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň ýatyrylmagyny ýa-da yza süýşürilmegini isleýär.

Ýene degişli makalalar

Kononenko 15-nji sentýabrda kosmosa çykar, Türkmen-Eýran serhedindäki Bajgiran goýberiş nokadynda awtoulaglaryň hereketi gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi we beýleki habarlar
Maýk Pens ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmekçi
Tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty başlandy, Aşgabat seýilgähinde Puşkiniň doglan güni bellenildi, türkmen lukmanlary Owganystandaky ynsanperwer missiýanyň çäklerinde 700-den gowrak adama kömek berdiler we beýleki habarlar
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
Meşhur filmiň surata düşürilen adasy satylýar
Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy
Karib deňziniň garakçylary filminiň surata düşürilen adasy satuwa çykaryldy