FlyDubai Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder

FlyDubai Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder

FlyDubai awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi.

Göni gatnawlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan başlap dikeldiler we her häpdäniň duşenbe, penşenbe günleri amala aşyrylar.

Uçuşyň petekleri eýýäm satlykda. Göni howa gatnawy Boeing 737 MAX kysymly uçar bilen alnyp barlar.

Häzirki wagtda daşary ýurt awiakompaniýalaryndan Belarusyň Belawia, Russiýanyň Sibir we Türkiýäniň Turkish Airlines awiakompaniýalarynyň Türkmenistana göni howa gatnawyny amala aşyrýandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar.
Türkmen banklarynyň VISA kart çäklendirmeleri ilaty täze usullary oýlap tapmaga mejbur edýär
FlyDubai kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde zenanlar ýakalaşdy
“FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde gazanç etmek üçin ýüzlerçe adam nobata durýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BAE Türkiýä guraljak uçar saparlary barada beýanat berdi