FlyDubai awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy

FlyDubai awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy

FlyDubai awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäherine yzygiderli howa gatnawlaryň tertibi Dubaý howa menziliniň meýilnamasyna girizildi.

Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlar we hepdede iki gezek bolar. FZ731 reýsleri duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan Aşgabat şäherine, Aşgabatdan Dubaýa FZ732 uçuşlary sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Uçarlar Dubaýdan (DXB) ýerli wagt bilen 23:55-de uçup, ertesi gün 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 04:35-de bolup, Dubaýda (DXB) wagt tapawudyna görä 06:30-da gonar.

Uçuşlar Boeing 737 MAX uçarynda amala aşyrylar.

Dubaýdan Aşgabat şäherine biznes synplarynyň nyrhlary 7 müň 350 dirhemden, Lite ekenom synplaryň nyrhlary 2 müň 430 dirhemden başlaýar.

Uçuş Dubaýyň halkara howa merkeziniň üsti bilen syýahatçylara has amatly aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin Emirates bilen kodlaşdyrylan hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

FlyDubai öz täze uçuş gatnawlaryna Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan dokuz şäheri goşdy. Şeýlelikde awiakompaniýanyň sanawyna Almaty (Gazagystan), Aşgabat (Türkmenistan), Astana (Gazagystan), Bişkek (Gyrgyzystan), Duşanbe (Täjigistan), Namangan (Özbegistan), Oş (Gyrgyzystan), Samarkand (Özbegistan) we Daşkent (Özbegistan) girdi.

Mundan başga-da, FlyDubai 2023-nji ýylyň ýanwaryndan Bergamo (Italiýa), Gan (Maldiw adalary), Kalýari (Italiýa), Korfu (Gresiýa), Krabi (Taýland), Milan (Italiýa), Pattaýa (Taýland) we Sankt-Peterburg (Russiýa) ýaly ýedi täze ugra uçar.

BAE-ä gelen syýahatçylara sanjym şahadatnamasyny ýa-da PZR-test synag netijelerini görkezmegiň zerurlygy ýok. Şol bir wagtyň özünde, BAE-de duralga bilen syýahat edýän ýolagçylar soňky barjak ýerleriniň talaplaryny ýerine ýetirmeli bolarlar.

Ýene degişli makalalar

FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar.
Türkmen banklarynyň VISA kart çäklendirmeleri ilaty täze usullary oýlap tapmaga mejbur edýär
FlyDubai kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde zenanlar ýakalaşdy
“FlyDubai” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynyň öňünde gazanç etmek üçin ýüzlerçe adam nobata durýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny