Teh Ýat HONG, PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd kompaniýasynyň baş direktory:
— Men ýurduňyzda geçirilýän dürli pudaklaýyn sergilere gatnaşmak üçin Türkmenistana indi bäşinji ýyl gelýärin, Gaz kongresi, “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) halkara sergisi hem-de maslahaty olaryň iň möhümleriniň biridir. Bu forumlar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini we mümkinçiliklerini giňden ýaýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Şu ýyl pudaklaýyn maslahata köp wekiller, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleri gatnaşýar, olar forumyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işler barada anyk maglumatlary alyp bilerler. Men bulary örän möhüm hasaplaýaryn hem-de beýleki ýurtlar üçin nusgalykdyr. Sebäbi maslahatlary we sergileri geçirmek ýurdy hem-de onuň mümkinçiliklerini wagyz etmegiň iň netijeli ýollarynyň biridir.
— Petronas kompaniýasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň netijeliligine nähili baha berýärsiňiz?
— “Petronas” kompaniýasy Türkmenistanda 1996-njy ýyldan bäri işleýär hem-de biziň netijeli gatnaşyklarymyz barha pugtalanýar. Biz bu pudaga 10,5 milliard dollar maýa goýumyny goýduk. Munuň özi biziň kompaniýamyzyň üstüne aýratyn borçnamalary ýükleýär, biziň uzak möhletleýin geljekde Türkmenistanda amala aşyrmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde netijeli hyzmatdaşlyga ynamymyzy pugtalandyrýar.
Geçen ýyllaryň dowamynda biz diňe bir maýa goýum serişdelerini goýmak bilen çäklenmän, degişli desgalary gurduk hem-de enjamlary ornaşdyrdyk, bu bolsa häzirki wagtda ýylda 5 milliard kub metr möçberde gaz we günde 35 — 40 müň barrel nebit çykarmaga mümkinçilik berýär.
Biziň üçin bu örän möhümdir, sebäbi Türkmengaz” döwlet konserni biziň esasy alyjylarymyzyň biri bolup durýar.Biz özara bähbitli hyzmatdaşlyk geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirýäris.Nebiti we gazy çykarmak üçin PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn.
Bhd kompaniýasyna Hazar deňziniň kenar ýakasynyň bir bölegi bölünip berildi.Bu meýdançada uglewodorod serişdeleriniň uly möçberleriniň bardygyny hasaba almak bilen, taslamanyň geljegi örän uludyr.
— Biz gaz barada gürrüňe geçen bolsak, TOPH taslamasy babatynda onuň sebit energetika howpsuzlygyna ýetirjek täsirine nähili baha berýärsiňiz diýip soramak ýerlikli bolardy.
— Men TOPH taslamasy siziň ýurduňyz, şeýle hem sebitiň ähli ýurtlary üçin örän möhüm we geljegi uly diýip hasap edýärin.Türkmenistan gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.
Bu hemmelere mälimdir.Siziň döwletiňiz bu baýlyklary iş ýüzünde peýdalanmalydyr, TOPH taslamasy bu maksada ýetmegiň ygtybarly ýollarynyň biridir. Şol sebäpli hem onuň gurluşygynyň amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryň edilmegi zerurdyr.
Bu taslama Türkmenistan üçin ägirt uly strategik ähmiýete eýedir.
Biz bu ugurda alyp barylýan işleri üns bilen synlaýarys hem-de häzirki wagtda “TAPI Limited” kompaniýasy öňegidişlikler barada bize nobatdaky hasabaty berer diýip umyt edýäris.Gaz kongresinde we “Türkmenistanyň nebiti we gazy” halkara sergisinde we maslahatynda bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de şunda nähili kynçylyklaryň ýeňlip geçilýändigi barada açyk we yzygiderli maglumatlaryň berilýändigi örän möhümdir.
Bu babatda Türkmenistanyň hökümeti oýlanyşykly hereket edýär.
— Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýa bolan resmi sapary mahalynda Petronas kompaniýasynyň baş edarasyna baryp gördi. Şunuň bilen baglylykda, siziň pikiriňiz boýunça türkmen Lideriniň ýangyç-energetika ulgamynda alyp barýan syýasaty nähili derejede möhümdir?
— Eger-de, ählumumy senagatlaşdyrmagyň barşyna garalanda, gaz energetika senagatynyň esasy düzümleriniň biri bolup durýar we uzak wagtyň dowamynda şeýle bolmagynda galar. “Petronas” kompaniýasy öz işlerinde şu nukdaýnazardan ugur alýar.
Biziň işimiz, esasan, gaz işleri bilen (70 göterime golaý), şol sanda suwuklandyrylan gaz, soňra bolsa nebit bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.Türkmenistan ählumumy zerurlyklar babatynda bu garaýşy goldaýar.Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä meýillerinden ugur alyp, milli nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
TOPH taslamasy bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir, geljekde Hazarüsti turbageçiriji hem şeýle ähmiýete eýe bolup biler. Ýewropada gaza uly isleg bildirilýär hem-de siziň ýurduňyzyň energetika syýasatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň uly geljegi bar.
Mundan başga-da, Türkmenistan diňe bir tebigy gazy däl-de, ondan birnäçe esse gymmat bolan gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleri ýerlemäge hem uly gyzyklanma bildirýär.Munuň üçin ýurduňyzda häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalary gurulýar, ulag ulgamy ösdürilýär.
Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu strategiýasy örän oýlanyşykly we ylma esaslandyrylan çemeleşmedir!
