FourFourTwo neşiri taryhda iň gowy futbolçynyň adyny mälim etdi

FourFourTwo neşiri taryhda iň gowy futbolçynyň adyny mälim etdi

“FourFourTwo” neşiri futbol taryhynda iň gowy oýunçylaryň sanawyny düzdi. Bu sanawda birinji orny Fransiýanyň “PSŽ” klubunyň oýunçysy Lionel Messi eýeledi. Ikinji orunda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony bolan Diego Maradona ýerleşdi. Üçlügi “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu jemledi diýip, gazeta.ru belleýär.

Şeýle-de, bäşlige braziliýaly Pele we 1998-nji ýylda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony bolan Zinedin Zidan girdi.Messi “PSŽ-de” ikinji möwsümini geçirýär, ol 2021-nji ýylda “Barselonany” terk etdi.

Häzirki möwsümde Messi Fransiýanyň çempionatynda toparyň dokuz oýnunyň ählisine-de gatnaşdy, bäş gol geçirip, ýedi netijeli geçirim etdi.Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Messiniň bazar bahasy 50 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.

Messi “Barselonanyň” ýetişdiren oýunçysydyr.Ol esasy toparda ilkinji gezek 2004-nji ýylda çykyş etdi.Katalon kluby bilen bilelikde 35 titula eýe boldy.Ol alty gezek “Altyn topuň” eýesi boldy.

Ýene degişli makalalar

Messi XXI asyryň iň gowy oýunçylarynyň top-100-inde birinji orny eýeledi
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Çemodanlaryň we syýahatçylyk ýantorbalarynyň dükany Samsonite ikinji haryda 30%-e çenli arzanladyş hödürleýär
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Germaniýadaky şähere aýdymçy Teýlor Swiftiň ady dakylar
Taryhy üstünlige ýetip biler