“Fox News” ABŞ-da iň meşhur teleýaýlyma öwrüldi

“Fox News” ABŞ-da iň meşhur teleýaýlyma öwrüldi

“Fox News” teleýaýlymy Owganystandaky ýagdaýlary dessin tomaşaçylara ýetirýändigi bilen ABŞ-da iň meşhur teleýaýlyma öwrüldi. Bu barada “Nielsen” seljeriji kompaniýasynyň geçiren barlaglarynyň netijesine esaslanýan “Associated Press” habarlar gullugy habar berdi.

Barlaglara görä, teleýaýlymyň gepleşiklerine tomaşa edýänleriniň ortaça sany 2,94 milliona ýetdi. Mundan öň bu teleýaýlym geçen ýylyň sentýabrynda Amerikada geçen Prezident saýlawlarynda saýlawlaryň öňüsyrasy dalaşgärler Donald Tramp bilen Jo Baýdeniň arasyndaky debatlary görkezmegi bilen baglylykda iň köp seredilýän teleýaýlym boldy.

Geçen hepdede Amerikada iň köp tomaşaçy toplan teleýaýlymlaryň hatarynda CBS News (2,57 million), NBC News (2,53 million tomaşaçy) degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Nýu-Ýork şäheriniň täze meri saýlandy
ABŞ 75 ýurduň raýatlaryna immigrasiýa wizalaryny bermegi wagtlaýynça togtatdy
Yslamabad gepleşikleri: Eýran 5 ýyl möhlet bilen togtatmagy teklip edýär, ABŞ 20 ýyl talap edýär
Dünýäde ilkinji “dik” ýyladyşhana açyldy
Tramp wezipelere belledi
Tramp: ABŞ-nyň Eýranyň deňiz flodyna we raketa atyş platformasyna uly zarba urandygyny aýtdy
Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler