Fransiýa final Horwatiýa

Russiýada geçirilýän futbol boýunça XXI Dünýä Kubogy ertirki final duşuşygy bilen tamamlanar. 31 günläp dowam eden bu ýaryşyň finalynda Ýewropanyň 2 wekili — Fransiýa bilen Horwatiýa duşuşar.Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanjak duşuşyk Moskwadaky “Lužniki” stadionynda oýnalar.

Oýna argentinaly Nestor Pitana eminlik eder.Mälim bolşy ýaly, ol çempionatyň açylyş duşuşygynda jürlewük çalypdy.Pitana Dünýä çempionatynda açylyş hem-de final oýunlaryna eminlik eden ilkinji emin bolar.

Galyberse-de, Pitana Dünýä çempionatlarynyň finalynda Horasio Elizondodan soň (Italiýa—Fransiýa, 2006) eminlik etjek 2-nji argentinalydyr.Fransiýa bilen Horwatiýanyň ýygyndysy mundan ozal, özara 5 duşuşyk geçirdi. Şolaryň hiç birinde-de fransuzlar garşydaşlaryndan utulmady.

Iki toparyň ilkinji duşuşygy 1998-nji ýylda Fransiýada geçirilen çempionatda bolupdy. Şonda ýarym finalda “Sen Deni” stadionynda Fransiýa 21 hasabynda ýeňiş gazanyp, taryhynda ilkinji gezek finala çykypdy.Fransuzlara ýeňiş getiren gollaryň 2-sini hem 46-njy we 69-njy minutlarda goragçy Lilian Turam, horwatlaryň pökgüsini-de 46-njy minutda häzirki wagtda ýurduň futbol federasiýasynyň başlygy Dawor Şuker derwezä girizipdi.

Iki topar şondan soňam 4 oýun geçirdi.Fransuzlar ýoldaşlyk duşuşyklarynda 30 we 20 ýeňiş gazanan bolsa, 2004-nji ýylda Ýewropa çempionatyndaky oýunda-da deňme-deň oýnady (22).Olaryň 2011-nji ýylda geçiren soňky duşuşygynda-da hasap açylmady.

FRANSIÝA IKINJI,HORWATIÝA ILKINJIÇEMPIONLYGYNA YMTYLÝARFransiýa 3-nji, Horwatiýa 1-nji gezek finalda çykyş eder.Fransuzlaryň 1 çempionlygy hem-de 1 kümüş medaly bar.

Finala çykan 13-nji ýygyndy bolan Horwatiýa çempionlyk gazanaýsa, 8 ýyldan soň, çempionlaryň hataryna täze ýeňiji goşular. Şeýle-de Horwatiýa kubogy eýelese, onda olar Urugwaýdan soň, iň az ilatly çempion bolan 2-nji ýygyndy bolar.

Eger-de Fransiýa ýeňiş gazansa, bu olaryň 2-nji ýeňşi bolup, Urugwaýdyr Argentinanyň hataryna goşular.Ýewropalylaryň yzly-yzyna4-nji çempionlygy bolarGalyberse-de, Dünýä Kubogyny yzly-yzyna 4-nji gezek Ýewropanyň wekili eýelär (2006, 2010, 2014, 2018).

Mundan öň kubogy Ýewropanyň hem-de Günorta Amerikanyň wekilleri gezekleşip gazanýardy.Diňe 19341938-nji ýyllarda Ýewropadan Italiýa, 19581962-nji ýyllarda-da Günorta Amerikadan Braziliýa kubogy yzly-yzyna gazanypdy. 2006-njy ýyldan bäri-de kubogy Ýewropanyň futboldaky öňdebaryjy ýurtlary gazanyp gelýär (Italiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Fransiýa/Horwatiýa).

Ýewropalylaryň 9-njy finalYDünýä çempionatynyň taryhynda finalda 9-njy gezek Ýewropanyň 2 wekili güýç synanyşar.Mundan ozal 1934-nji (ItaliýaÇehoslowakiýa: 21 g.w.), 1938-nji (ItaliýaWengriýa: 42), 1954-nji (Günbatar GermaniýaWengriýa: 32), 1966-njy (AngliýaGünbatar Germaniýa: 42 g.w.), 1974-nji (Günbatar GermaniýaGollandiýa: 21), 1982-nji (ItaliýaGünbatar Germaniýa: 31), 2006-njy (ItaliýaFransiýa: 11, 53 p) hem-de 2010-njy (IspaniýaGollandiýa 10 g.w.) ýyllardaky finallarda 2 ýewropa topary duşuşypdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewro ― 2024: Ispaniýa ilkinji finalçy boldy
15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Fransuz parlamenti 15 ýaşdan kiçilere sosial mediany gadagan etdi
Türkmenistandaky Fransuz instituty ýöriteleşdirilen dil okuwlaryna çagyrýar
“Barselonadan” PSŽ-e transfer boldy
Äkidilen heýkeller yzyna gaýtaryldy
Türkmenistanda Hereketde diýen şygar astynda Frankofoniýa 2026 bäsleşikleri başlandy