Fransiýa ýene-de awtogol bilen ýeňiş gazandy

Germaniýada geçirilýän 17-nji Ýewropa çempionatynda çärýek finalçylar belli bolmagyny dowam edýär. 1/8 finalyň çäginde geçirilen Fransiýa bilen Belgiýanyň arasyndaky oýunda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymyňam soňky 5 minudynda hasap açylyp, Fransiýanyň ýygyndysy awtogolyň kömegi bilen çärýek finala adyny ýazdyrdy. Şol awtogol bolsa oýna 85-nji minutda hasaba alnyp, 62-nji minutda giren Kolo Muaniniň batly urgusynda top Ýan Wertongeniň aýagyna degip, derwezä girdi. Şunlukda, bu awtogol fransuzlaryň ýoluny dowam etdirmegi üçin ýeterlik boldy.

Toparçalardaky 1-nji duşuşygynda-da awtogol bilen ýeňiş gazanan Fransiýanyň ýygyndysy çärýek finala çenli jemi 3 gol geçirdi. Şolaryň 2-si awtogol bolup, beýlekisini-de Mbappe penaltiden saldy. Şol bir wagtyň özünde bu gol çempionatdaky 9-njy awtogoldyr.

Fransiýanyň ýygyndysy uly ýaryşlarda Belgiýa bilen geçiren 5-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazandy.Soňky 14 oýunda Fransiýany diňe 1 gezek ýeňen Belgiýa ýene bir uly ýaryşy ir tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Ýewro ― 2024: Ispaniýa ilkinji finalçy boldy
Mbappe bolmasa, Kolo Muani bar
Türkmenistanly küştçüler Günbatar Aziýanyň çempionatyny üç medal bilen tamamladylar
Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy
Blinken Ýewropaly Kärdeşleri Bilen Pikir Alyşdy