Fransiýada parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçdi

Fransiýada parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçdi

Fransiýada geçen parlament saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Milli bileleşik sagçy partiýasy sesleriň 33,15 göterimini alyp, birinji orny eýeledi. Bu barada Respublikanyň Içeri işler ministrliginiň çap eden maglumatlaryna salgylanýan TASS habar berýär.

Täze halk fronty çepçi alýansy ikinji orny eýeledi we sesleriň 27,99 göterimini gazandy. Bilelikde Respublika üçin Prezident alýansy 20,04 göterim ses toplap, üçünji orunda ýerleşdi.

Milli bileleşigiň 39 deputaty eýýäm birinji tapgyrda saýlandy, olaryň arasynda parlament fraksiýasynyň lideri Marin Le Pen hem bar. Täze halk frontundan bolan deputatlar birinji tapgyryň jemleri boýunça parlamentde orunlaryň 32-sini, Prezident koalisiýasyndan deputatlar 2 orun aldylar.

Parlamentiň aşaky palatasynyň Milli ýygnagyň 577 deputaty bolup, 7-nji iýula bellenen saýlawlaryň ikinji tapgyry kesgitleýji bolar.

Saýlawlara gatnaşyk 66,71 göterimi düzdi. Le Parisien gazetiniň ýazmagyna görä, bu 2002-nji ýyldan bäri iň ýokary gatnaşykdyr.

9-njy iýunda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron öz tarapdarlarynyň Ýewroparlamente saýlawlarda şowsuzlyga uçramagy bilen baglylykda, Milli ýygnagy dagatmak kararyna geldi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde geçirilýän 9-njy Bütindünýä kongresine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýany milli baýramy bilen gutlady
Aşgabatda Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi
Dünýä Ýurtlary TUSAŞ-a Guralan Hüjümi Ýazgardy
Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi