Fransuz ministriň uçary soňky pursatda heläkçilikden halas boldy

Fransuz ministriň uçary soňky pursatda heläkçilikden halas boldy

Le Figaro tarapyndan berilen habarlara görä, düzüminde Fransiýanyň Sebitleýin jebislik ministri Kerolaýn Kaýe bilen birlikde 39 adam bolan Fly Amelia kärhanasyna degişli uçar, düýn agşam ýurduň paýtagty Pariždäki Orly howa menziline gonjak mahaly tupanyň täsiri astyna girdi.

Turbulente giren uçaryň gözegçiligini birnäçe wagtlyk ýitiren uçarman uçary gonuş zolagynyň daşyndaky bir meýdana kynçylyk bilen gonduryp bildi.

Uçaryň güýçli tupan sebäpli ýere gaçmakdan soňky pursatda halas bolandygy mälim edildi.

Fransiýanyň Sebitleýin jebislik ministri Kerolaýn Kaýe, Twitterden beren beýanatynda Rodezden gaýdyp gelýän mahaly gonuş zolagynyň daşyna çykan uçaryň howsala sebäp döredendigini, ýolagçylaryň ýaralanmadan halas bolandygyny aýan etdi.

Prokuratura waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Stambulda geçirilen içaly operasiýasynda Mossadyň iki içalysyny tussag etdi
Maryda geçirilen ýygnaklarda okuwçy gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň köpelendigi mälim edildi
Türkmenistan we Gruziýa ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekdiler
Aşgabatdaky postda nobatçylyk çekýän esgere näbelli adamlar hüjüm etdiler
Russiýanyň goşunynyň Ukraina guraýan hüjümleri dowam edýär
Türkmenabatda köne aeroportuň sökülmegi bilen bagly galplyklar ýüze çykaryldy