Funduk Eksporty 1 Milliard 413 Million Dollara Barabar Boldy

Funduk Eksporty 1 Milliard 413 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýe 7 aýlyk funduk eksportundan 1 milliard 413 million dollardan gowrak girdeji gazandy.

Gara deňiz Funduk we funduk önümleri eksportçylar bileleşiginden berlen ýazmaça beýannamada, 1-nji sentýabrda başlan 2023-2024 eksport möwsüminiň 7 aýlyk görkezijileri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustundan 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli daşary ýurtlara 191 müň 34 fonna funduk eksport edilip 1 milliard 413 million 807 müň 470 dollarlyk girdeji gazanylandygy nygtaldy.

Beýannamada, geçen möwsümiň degişli döwründe bolsa 201 müň 95 tonna funduk eksport edilip 1 milliard 191 million 781 müň 28 dollarlyk girdeji gazanylandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Aprel Aýynda Eksport 0,1 Göterim Artyp 19 Milliard 272 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýäniň Bal Eksporty 5,1 Million Dollara Barabar Boldy
Ýanwar Aýynda Eksport 19 Milliard 991 Million Dollara Barabar Boldy
Türkiýäniň Eksporty 255 Milliard 777 Million Dollara Barabar Boldy
Syýahatçylyk Pudagynyň Girdejisi 54 Milliard 315 Million Dollara Barabar Boldy
Bägül Eksporty Geçen Ýyl 620 Müň 28 Dollara Barabar Boldy