Futbol, Aşgabadyň kubogy: 1-nji tapgyryň eminleri belli boldy

Futbol, Aşgabadyň kubogy: 1-nji tapgyryň eminleri belli boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün ― 10-njy maýda futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi 1-nji tapgyryň duşuşyklaryna eminleri berkitdi.

Ýaryşyň açylyş duşuşyklary Aşgabat stadionynda geçiriler. Olarda Altyn asyr bilen Aşgabat, Ahal ― 2 bilen hem Köpetdag duşuşar.

Gündiz sagat 15:30-da başlanjak Altyn asyr ― Aşgabat duşuşygynyň baş emini Akmyrat Gurbanow bolar. Oňa meýdanyň iki gyrasynda Myrat Nurberdiýew bilen Akmyrat Jumaýew ýardam berer. TFF duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolmagy Ýusup Jumamyradowa, gözegçi eminligini bolsa Şöhrat Durdyýewe ynandy.

Sagat 18:00-da başlanjak Ahal ― 2 ― Köpetdag duşuşygynyň baş emini Jumamyrat Jumamyradow bolar. Eziz Ýazmyradow bilen Hanmyrat Kurbanow oňa meýdanyň iki gyrasyndan ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Ahmet Jumamyradow, gözegçi emini bolsa Maksat Seýitgulyýew bolar.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşyň bütin dowamynda ähli eminler aşgabatly hünärmenler bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ahal taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp
TÝL ― 2023: üç günde iki duşuşyk geçiriler
TÝL ― 2022: 11-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Çarşenbe güni futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň birinji duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2021: möwsümiň ilkinji sary karty Altyn asyryň futbolçysyna görkezildi