Futbol, Birinji liga, Lebap zolagy: Amyderýa sekizinji, futbolçysy birinji

Futbol, Birinji liga, Lebap zolagy: Amyderýa sekizinji, futbolçysy birinji

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap zolagynda 12-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda Köpetdag Demirýolçyny, Miras Garagumy, Amyderýa Derýaçyny, Farap bolsa Çärjewi kabul etdi.

12-nji tapgyryň duşuşyklarynyň beýanyna geçmezden öňürti, okyjylarymyzyň dykgatyna iki zady ýetirmek isleýäris. Olaryň ilkinjisi 24-nji oktýabrda 9-njy tapgyryň çäginde meýilleşdirilip, soňa süýşürilen Köpetdag ― Çärjew duşuşygynyň geçirilenligidir. Duşuşyk Köpetdagyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ikinji bir aýdylmaly zat bolsa birinjiligiň 11-nji tapgyrynda göz öňünde tutulan duşuşyklaryň ählisiniň soňa süýşürilenligidir. Çünki şol günler Lebap welaýat Sport we ýaşlar syýasaty müdirligi tarapyndan 2004 ― 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi.

12-nji tapgyrdaky duşuşyklaryň ikisi deňme-deň hasapda tamamlandy. Miras bilen Garagumyň arasyndaky duşuşykda hasap açylmadyk bolsa, Köpetdag we Demirýolçy toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy. Bu netijelerden soňra Mirasyň möwsümde 20 utuklyk sepgide ýetip bilen dördünji topar bolandygyny aýtmak gerek. Welaýat Polisiýa müdirliginiň garamagyndaky Köpetdagyň möwsümde ilkinji gezek deňme-deň hasapda duşuşyk geçirendigini hem nygtamalydyrys.

Tapgyrda ýaryşyň öňdebaryjysy Derýaçy Amyderýany 3:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Arif Açylowyň geçiren pökgüleri bilen iki gezek öňe saýlanandygyna garamazdan, Derýaçy üstünligini gorap bilmedi. 52-nji minutda Ikram Nyýazowyň tapawutlanmagynda hasaby deňlän Derýaçy 10 minut soňra Azat Ýagmyrowyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlandy we ýeňşi elden bermedi. Derýaçynyň şu möwsümde 40 pökgi geçiren ilkinji topar bolandygyny hem aýtmak gerek.

Farap bilen Çärjewiň arasyndaky duşuşykda hem derwezelere bäş pökgi girizildi. Ýöne bu gezek hasap başgaçarak. Has takygy, şol pökgüleriň dördüsini Farabyň, birini Çärjewiň futbolçylary geçirdi. Duşuşykda Farabyň futbolçysy Zakir Romanow üç gezek tapawutlandy.

12-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra 25 utuk bilen Derýaçy birinji, 21 utuk bilen Demirýolçy ikinji orny eýeleýär. Öňdebaryjylaryň üçlügini bolsa 20 utukly Miras jemleýär.

Möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň ýaryşynda göze ilip duran täsinlik bar. Ol hem Amyderýanyň futbolçysy Arif Açylow bilen baglydyr. 12-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra Amyderýa möwsümde 14 pökgi geçirip bildi. Şolaryň 13-sini geçiren Arif Açylow möwsümiň netijeli futbolçylarynyň sanawynyň başyny çekýär. Ýöne ol birinji orny Farapdan Zakir Romanow bilen paýlaşýar.

Zolakda 13-nji tapgyryň duşuşyklary 8-nji noýabrda geçiriler. Şol gün Garagum bilen Köpetdag, Demirýolçy bilen Derýaçy, Farap bilen Miras, Amyderýa bilen Çärjew duşuşar.

12-nji tapgyryň netijeleri:

Köpetdag ― Demirýolçy ― 2:2.

Pökgi geçirenler: Perhat Hojagulyýew 12, Sergeý Ýegenberdiýew 30 (11 m.j.u.) ― Tahyr Rejepbaýew 45 (11 m.j.u.), Döwlet Azymow 62.

Miras ― Garagum ― 0:0.

Amyderýa ― Derýaçy ― 2:3.

Pökgi geçirenler: Arif Açylow, 12, 35 ― Roman Metiýew 18, Ikram Nyýazow 52, Azat Ýagmyrow 62.

Farap ― Çärjew ― 4:1.

Pökgi geçirenler: Açyldurdy Krudratow 6, Zakir Romanow 23, 32, 39 ― Rawil Baltaýew 55.

Ýaryş tertibi:

Iň netijeli futbolçylar:

1 ― 2. Arif Açylow, Amyderýa, 13 pökgi;

1 ― 2. Zakir Romanow, Farap, 13 pökgi.

Ýene degişli makalalar

Eýrandaky sil apatynda ýedi adam ýogaldy
Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Milli Goranmak Ministri Hulusi Akary Kabul Etdi
Azerbaýjan Türkiýä Gynanç Bildirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Akar-Hasanow umumy metbugat ýygnagy