Futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşar

Futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşar

2025-nji ýyldan başlap futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna 32 topar gatnaşar. Bu barada FIFA-nyň Prezidenti Infantino mälim etdi.

FIFA-nyň ýolbaşçysy bu barada şeýle diýdi: Futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň geçiriliş tertibi täzelener. 2025-nji ýyldan başlap ýaryşda 32 topar gatnaşar. Bu turnir milli ýygyndylaryň arasyndaky dünýä çempionatyna meňzeş tertipde geçiriler.

Sport neşirleri bu täzeligiň Ýewropanyň öňdebaryjy toparlaryna hoş ýakmandygyny ýazýarlar. Habarlarda bellenilişine görä, Ýewropanyň superklublary toparlaryň arasyndaky mundialda gatnaşmak islemeýärler.

Ýeri gelende bellesek, Futbol boýunça klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty 2023-nji ýylda Marokkoda geçiriler. 1-11-nji fewral aralygynda dowam etjek bu ýaryşa Real (Ispaniýa), Flamengo (Braziliýa), Al-Hilal (Saud Arabystany), Al-Ahli (Müsür), Oklend Siti (Täze Zelandiýa), Sietl Saunders (ABŞ) we Widad (Marokko) toparlary gatnaşarlar.

Klublaryň arasynda häzirki dünýä çempiony Angliýanyň Çelsi topary hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Futbol täzelikleri
Marsda ýaşamaga ukyply jandarlar agzaldy
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
Uçarlary elektrik energiýasy bilen işlär