Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy 2024: bijeleriň netijeleri

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky 33-nji bäsleşigiň bije atyşlygy geçirildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy gatnaşar. Bu barada Altyn asyr elektron gazeti habar berýär.

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy 2024 ýaryşy 11- nji awgustda deslapky tapgyr bilen başlar, bu ýaryşda geçen ýylky milli çempionatyň iň pes oýnan iki topary Merw (Mary) we Şagadam (Türkmenbaşy) toparlary duşuşarlar. Bu garşydaşlaryň ilkinji duşuşygy 11-nji awgustda Mary welaýatynda, jogap oýunlary bolsa 14-nji awgustda Türkmenbaşyda geçer. Bu ýaryşyň ýeňijisi çärýek finalda Altyn asyr topary bilen duşuşar.

Galan çärýek final oýunlarynda şu toparlar duşuşarlar: Arkadag Energetik, Nebitçi Aşgabat, Ahal Köpetdag. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda sanawda ilkinji görkezilen toparlaryň meýdançalarynda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarym finalyň birinji duşuşyklary 12-13-nji sentýabrda geçiriler. Ýarym final we final duşuşyklarynyň senesi soň kesgitlener.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýyl Kubogy başlandy
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň ilkinji ýarym finalçysy belli boldy
Arkadag we Şagadam toparlary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler
Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy iň güýçli bäşligiň hataryna girdi
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalçylary belli boldy
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogynyň soňky ýarym finalçysy belli boldy
Futbol boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy ugrunda Arkadag we Ahal toparlary bäsleşerler