Futbolyň ägirdi Zidan 50 ýaşynda

Fransiýaly meşhur tälimçi, ozalky futbolçy Zizu lakamly Zinedin Zidan şu gün 50 ýaşady.Ol 1972-nji ýylyň 23-nji iýunynda Fransiýanyň Marsel şäherinde alžirli maşgalada dünýä inýär. 1986-njy ýyla çenli sebitiň dürli klublarynyň çagalar, ýetginjekler düzüminde oýnan Zidan şol ýyl Kann topary bilen şertnama baglaşýar.

Bu klubda 3 ýyl oýnanyndan soň 1992-nji ýylda Bordo toparynyň düzümine goşulýar. 4 ýyllap bu klubda çykyş edýär.Toparyň 1995-nji ýylda Intertoto kubogyny gazanmagynda, şol sanda 1996-njy ýylda UEFA Kubogynda finala çykmagynda uly rol oýnaýar. 1996-njy ýylda Ýewropa çempionatynda görkezen oýny ony Ýuwentusa eltýär.

Turinlileriň düzüminde 5 ýyl çykyş edip, Serie A-da 2 gezek çempionlyk gazanýar. 2001-nji ýylda başga bir çempionata, La Liga, dünýäniň iň öňdebaryjy klublarynyň birine, Real Madride 77 million ýewro transfer bolýar.

Bu görkeziji şol wagtlar rekorda deňdi.Zidan bu klubda-da 5 möwsüm çykyş edýär.La Ligada 1, UEFA Çempionlar Ligasynda 1 gezek ýeňiji bolýar.Zidan 2002-nji ýyldaky finalda Baýeriň derwezesinden ýatdan çykmajak, ajaýyp gol geçirýär.

Dünýä Kubogy Zidanyň elinde (1998).

Fransiýanyň milli ýygyndysynda 108 oýunda 31 gol geçirýär. 1998-nji ýylda Dünýä Kubogyny, 2000-nji ýylda-da Ýewropanyň çempiony bolan Fransiýanyň ýygyndysynyň esasy oýunçysy bolup çykyş edýär. 2006-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň finalynda-da duşuşygyň 110-njy minutynda Materazzini kellesi bilen süsýär.

Eden bu hereketi üçin gyzyl kart alan Zidanyň şol duşuşyk karýerasyndaky iň soňky resmi oýun bolýar.

)Meşhur waka (2006

Tälimçilik karýerasynda taryhy başarnyk görkezýär. 2016-njy ýylyň ýanwarynda Realyň tälimçisi bolan Zidan madridlilere Çempionlar Ligasynyň kubogyny yzly-yzyna 3 gezek gazandyrýar we muny başaran ilkinji tälimçi hökmünde hasaba alynýar.

Real Madride La Ligada-da 2 çempionlyk gazandyran Zidan futbolçylyk ýyllarynda 15, tälimçilikde-de gysga wagtda 11 kubok gazanýar. 1994-nji ýylda 5 öň tanşan zenany ispaniýaly Weronike Fernandes bilen durmuş gurýar.

Zidanyň 4 ogly bolup, olar häzirki wagtda kakalarynyň futbol ýoluny dowam etdirýärler.Golaýda ata hem bolan Zidanyň ady wagtal-wagtal dürli klublar bilen agzalýar.

Ýene degişli makalalar

Zidan 150 million dollarlyk teklipden ýüz öwürdi
Zidan Realyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy
Çempion tälimçileriň ýene biri wezipesinden gitdi
Zidan “Realdan” gaýtdy
Çempionlar ligasynyň ýarym finaly: Real Çelsi bilen birinji duşuşykda deňme-deň oýnady
Zinedin Zidan möwsümiň ahyrynda “Realdan” gidip biler