Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar

Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar

WBC wersiýasy boýunça agyr agramda häzirki dünýä çempiony britaniýaly Taýson Fýuri bilen guşagyň ozalky eýesi amerikaly Deonteý Uaýlder üçünji gezek söweşerler diýip, ESPN telewizion ýaýlymy habar berýär. Muny sport-express.ru ýetirýär. Bu söweş 24-nji iýulda geçirilmeli.

Promouter Bob Arum ýakyn wagtda boksçylaryň şertnama gol çekjekdigini, şondan soň söweşiň senesiniň we geçiriljek ýeriniň resmi taýdan yglan ediljekdigini habar berdi.Eger şertnama gol çekilse, onda Fýuriniň WBA, IBF, WBO we IBO wersiýalary boýunça dünýä çempiony Entoni Joşua bilen söweşi yza süýşüriler.

Ilkibaşda ol 14-nji awgusta meýilleşdirildi. Ýatlap geçsek, Fýuri bilen Uaýlderiň arasynda 2018-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen birinji söweş deňme-deňlikde tamamlandy. 2020-nji ýylyň fewral aýynda geçen ikinji söweşde Fýuri Uaýlderi nokauta gidirdi.

Ýene degişli makalalar

Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Entoni Joşua bilen Taýson Fýuri söweşmek barada ylalaşdylar
Joşuanyň 21-nji nokauty
WBC guşagy ugrunda
Deňlikde tamamlandy
Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady