Türkmenistanyň prezidenti Gurnanguly Berdimuhamedow 31-nji ýanwarda, Balkan welaýatyna edýän iş saparynyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Magerram ogly Mamedýarowy, şeýle hem Azerbeýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOСAR) maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirowy kabul etdi.
“Özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda energetika ulgamy görkezildi, Türkmenistan we Azerbaýjan dünýä bazarlaryna çykýan deňagramly, köp görnüşli energiýa geçirileriniň döredilmegi ugrunda çykyş edýär” diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Şol gün Türkmenbaşyda iki ýurdyň delegasiýalary derejesinde türkmen-azerbeýjan iş duşuşyklary boldy we onda ýangyç-energiýa toplumynda we transport pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek maslahatlaşyldy.
Şeýle-de taraplar Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň Türkmenistana etjek saparyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana 2017-nji ýylyň awgustynda sapar etdi.
Belleýäris, Azerbaýjan we Türkmenistan Transkaspiý gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen gyzyklanýar. Eger ol üstünlikli amala aşyrylsa, bu geçiriji TANAP proýektiniň Kaspi sebitiniň gazyny Ýewropa aşyrjak gaz geçirijisiniň bir bölegi bolar.
Häzirki pursatda muňa Kaspiý deňziniň kesgitlenmedik durumy päsgel berýär.Emma, RF-nyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin 2017-nji ýylyň dekabrynda Kaspiý deňziniň hukuk durumy boýunça proýekt tutuşlygyna daşary işler ministrlikleriniň “bäşligi” tarapyndan ylalaşyldy diýdi.
Jemleýji dokumente hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň şu ýyl Gazagystanda geçjek nobatdaky sammitinde gol çekilmegine garaşylýar.
