Gadymy Margiana bagyşlanan maslahat

2026-njy ýylyň 12-14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýanyň Bern şäherinde Togolok arheologiýa toplumyndaky soňky barlaglaryň nukdaýnazaryndan Beýik Horosan siwilizasiýasy (GKС) atly maslahaty geçirildi.Bu maslahata Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhametdurdy Mamedow hem-de Gadymy Merw taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Annamyrat Orazow gatnaşdy.

Maslahata Germaniýa Federatiw Respublikasyndan Italiýa Respublikasyndan Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Şweýsariýa döwletlerinden türkmen topragynda ýerleşýän gadymy Margiana siwilizasiýasyny öwrenýän belli tanymal alymlar gatnaşyp, gadymy Margiananyň gözbaşynyň gelip çykyşy hem-de täze toplanan ylmy maglumatlar boýunça pikir alyşdylar.

Meşhur arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan üsti açylan Margiananyň Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň bäşisiniň biri bolup durýandygyny ýeri gelende nygtamak isleýäris.Häzirki wagtda hem gadymy Margiananyň dünýädäki meşhurlygy gülläp ösen döwründäkisinden pes däldir. Çünki gadymy Margiana häzirki wagtda-da dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde.

Türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys!Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun!

Ýene degişli makalalar

MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
12.03.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan Goňurdepe arheologik ýadygärliginiň açylmagynyň 50 ýyllygyny belleýär
TÜRKMENISTAN — GADYMY SIWILIZASIÝALARYŇ OJAGY ATLY HALKARA YLMY DUŞUŞYK
Moskwa şäherinde Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty öz işine başlady