Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Merkezi bankyna täze ýolbaşçy bellendi

Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Merkezi bankyna täze ýolbaşçy bellendi

Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň başlygy wezipesine bellendi. Degişli resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi. G.Müşşikow mundan öň ýurdumyzyň ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesinde işlän Merdan Annadurdyýew wezipesinden boşaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Annadurdyýew Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadylyp, bu wezipä G.Müşşikow bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Senagat PTB-niň başlygy boldy
Senagat paýdarlar-täjirçilik bankyna täze ýolbaşçy bellenildi
Intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Türkmenistanyň Pudagara topary döredildi
Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler
Berdimuhamedowa içerki bazaryň ýerli azyk önümleri bilen üpjün edilendigi barada hasabat berdiler
Türkmenistanda intellektual eýeçilik obýektlerini goramak boýunça pudagara topary dörediler