Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

Düýn 5-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.

Habar berlişi ýaly, düýn dostlukly döwletiň paýtagtynda Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan edildi.

Türkmenistanyň we BAE-niň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda nusgalyk döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga çalyşmagy netijesinde gazanylan aýry-aýry ylalaşyklar şu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň esasyny düzdi.

Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyran şu gezekki iş sapary Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Geçirilen duşuşyklaryň barşynda birnäçe ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipler beýan edildi we degişli ylalaşyklar gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentine Täze ýyl gutlaglaryny iberdiler
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy