Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza ajaýyp sowgady

Şu günler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär.

Mähriban Arkadagymyzyň täze kitabynda milliligimiz, halkymyzyň däp-dessurlary, edim-gylymlary, ynsanperwer ýörelgeleri, watansöýüjiligi, dostanalygy giň orun tutýar. Ajaýyp eserde nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy şahyrlary, alymlar barada gyzykly söhbetler edilýär, milli baýlyklarymyza, medeni gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa giňden şöhlelendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni, her aýy şatlykly hem buýsançly wakalara, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere beslenýär. Milli Liderimiziň mukaddes Oraza baýramynyň öňýanynda halkymyza sowgat eden bu ajaýyp kitaby toý-baýramly günlerimiziň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy.

Halkyň Arkadagly zamanasy diýen şygar astynda geçýän şu şanly ýylda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysy atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyz üçin gymmatly serpaý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitap çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr.

Kitapda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ýurdumyzyň iňňän gadymy taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, jemgyýetiň ahlak hem durmuş ýörelgeleri barada söhbet edilýär, möhüm ähmiýetli meseleler gozgalýar.

Şol bir wagtda bu gymmatly eser asyrlaryň dowamynda ençeme gymmatlyklary döreden halkymyzyň özboluşly medeniýeti, baý milli mirasy bilen içgin tanyşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, täze eser ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri üçin hem bahasyna ýetip bolmajak aýratyn ruhy gymmatlykdyr.

Täze kitabyň Ömrümiň manysy diýlip atlandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti, uly manysy bar. Çünki Gahryman Arkadagymyz manyly durmuş ýolunda ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen jemgyýetine sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmak babatda ägirt uly işleri alyp bardy. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ençeme taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri Bütindünýä mirasynyň genji-hazynasyna girizildi.

Gahryman Arkadagymyz Ömrümiň manysy atly gymmatly eserinde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekýär. Munuň geljekde hem köpasyrlyk milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek, ösdürmek we dünýä ýaýmak işleri bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyny nygtaýar.

Behişdi ahalteke atlary, olaryň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän uly orny baradaky söhbet hormatly Arkadagymyzyň täze eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu ajaýyp durmuş kitabynda türkmen gelin-gyzlarynyň has gadymy el hünärleriniň biri bolan keşdeçilik sungatynyň asyrlaryň dowamynda olar üçin edep-terbiýäniň, hünär öwrenmegiň, sungata aralaşmagyň mekdebi bolup gelendigi uly buýsanç bilen bellenilýär.

Hormatly Arkadagymyzyň bu kitabynda halkymyzyň taryhy hem inçeden yzarlanýar, geçmişiň, şu günüň, geljegiň baglanyşygy ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Hormatly Arkadagymyzyň täze kitabynyň mazmun hem çeperçilik taýdan nusgalykdygyny aýratyn nygtamak isleýäris. Bu ajaýyp kitapdan gymmatly maglumatlary tapyp bolýar.

Aýgül BERDILIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy

we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
2026-njy ýylyň şygarynyň filosofiýasy we strategiýasy
Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaýlary açyldy