Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Kazanda geçiriljek Russiýa Yslam dünýäsi: KazanForum atly halkara ykdysady foruma gatnaşar

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Kazanda geçiriljek Russiýa  Yslam dünýäsi: KazanForum atly halkara ykdysady foruma gatnaşar

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine gatnaşmaga taýýarlyk görýär.Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. 13 14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär.

Her ýyl geçirilýän Russiýa Yslam dünýäsi: KazanForum atly halkara ykdysady forumy ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdançalaryň biri bolup durýar.Türkmen wekiliýeti Russiýa Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO, Halkara emläk bazary atly ýöriteleşdirilen sergilere we maslahatlara, Kazan halal bazary halkara ýarmarkasyna hem-de Asylly moda güni festiwalyna gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Kazanda geçiriljek çäreleriň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli çärelerde ýurdumyzyň wekilleriniň ýokary derejeli gatnaşygyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek foruma, sergilere gatnaşar
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2025” XVI HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
ДЕЛЕГАЦИЯ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИМЕТ УЧАСТИЕ В ФОРУМЕ РОССИЯ ИСЛАМСКИЙ МИР В КАЗАНИ
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
EXPO-2030 geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň Ýörite ilçisi bilen söhbetdeşlik geçirildi