Gaitidäki ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Gaitidäki ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Resmiler ýurtda uly weýrançylygyň başdan geçirilendigini belläp, harabalyklaryň arasynda gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini beýan etdiler.

Gaitiniň Raýat goranyş agentligi, ýer titremede ýogalanaryň sanynyň 1419 adamdan, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 6900 adamdan geçendigini habar berdi.

Uly weýrançylyga sezewar galan ýurt halkara derejede ýardam berilmek barada çagyryş berdi.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi 7,2 bal ululygyndaky ýer titremäniň güýç merkeziniň Sen-Žan-dýu-Sýudyň 12 kilometr demirgazyk-gündogarydygyny aýan edipdi.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi ýeriň 10 km aşagynda emele gelen ýer titremeden soň, bildiren sunami duýduryşyny birnäçe wagt soň aýyrypdy.

Sebite gözleg we halas ediş işleri üçin toparlaryň gönükdirilendigi habar berilipdi.

Gaitiniň Premýer ministri Ariel Genri beren beýanatynda, ýer titreme sebäpli ençeme binanyň ýumrulandygyny aýan etdi.

Genri ýurtda 1 aýlyk adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Gawaýidäki Kilauea wulkany gaýtadan işjeňleşdi
Filippinlerde ýer titremesi boldy
Filippinlerde 6,4 bal ululygynda ýer titreme boldy
Owganystanda bolan ýer sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldy
Owganystanda Yzly-Yzyna Ýer Titredi
Türkmenistan Owganystana ýertitreme zerarly ynsanperwerlik kömegini iberdi
Owganystanda bolup geçýän ýertitremeleri Serhetabatda we Tagtabazarda hem güýçli duýulýar