“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň kubogyna mynasyp boldy

“Galkan” topary hokkeý boýunça halkara ýaryşyň kubogyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurduň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda ýekşenbe güni 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurduň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenleri we tälimçileri sylaglanyldy.

Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda ýaryşdylar.

Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.

Final duşuşykda “Galkan” (Türkmenistan) we “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) toparlary ýaryşdylar. Türkmenistanyň hokkeý topary ýaryşy 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.

Şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda baýrakly orny eýelän “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Şeýle hem olara diplomlar hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşynda ýeňiji bolan "Galkan" toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmäge taýýarlyk görülýär
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi
GALKAN HOKKEÝ TOPARYNYŇ TÜRGENLERINIŇ WE TÄLIMÇILERINIŇ HORMATYNA DABARA
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri