Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyrynda işleriň başlanmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gülläp ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr

Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyrynda işleriň başlanmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gülläp ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr

Aşgabatda Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.Forumda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Galkynyş gaz känini özleşdirmegiň indiki dördünji tapgyry boýunça işleriň başlanmagynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gülläp ösýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk giň gerime eýe boldy.Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu möhüm başlangyçlary ýokary derejede üstünlikli öňe sürýär diýip, G.Agajanow nygtady.

Wise-premýeriň bellemegine görä, baş Ylalaşygyň baglaşylmagy strategik özara gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady we hukuk binýadynyň esasyny düzdi.Türkmen-hytaý gaz geçirijisiniň gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany Hytaý bilen baglanyşdyran, Gündogar bilen Günbatary utgaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşine öwrüljekdigi aýratyn bellenildi.

Türkmengaz döwlet konserniniň we Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) bilelikdäki tagallalary bilen Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň başlanmagy gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gülläp ösýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Bularyň ählisi iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli syýasy we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek, hyzmatdaşlygyň düýbünden täze ugurlaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolar diýip, spiker sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY