“Gap Inşaat” Arkadag şäherindäki mekdebi döwrebaplaşdyrar we çagalar bagyny gurar

“Gap Inşaat” Arkadag şäherindäki mekdebi döwrebaplaşdyrar we çagalar bagyny gurar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym Diş Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň arasynda Arkadag şäherinde mekdebi döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek barada şertnama gol çekildi. Gol çekmek dabarasy penşenbe güni gaznanyň ştab-kwartirasynda, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda geçirildi.

Şertnama laýyklykda, Arkadag şäherindäki mekdep döwrebaplaşdyrylar we onuň durky täzelener. Şeýle hem onuň çäginde sport we bedenterbiýe toplumy hem-de 320 orunlyk çagalar bagy gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, taslama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu taslama çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegi, dünýägaraýşyny kämilleşdirmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň, Palestinanyň ilçileri we BMG-niň wekili bilen duşuşdy
Paýtagtymyzda Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi