Garabagda ermeni ýaragly toparlar ýolagçy uçarlary nyşana alýarlar

Garabagda ermeni ýaragly toparlar ýolagçy uçarlary nyşana alýarlar

Azerbaýjanyň territoriýasynda terrorçylykly aksiýalar alyp barýan ermeni ýaragly güýçleri harby hereketlerini dowam etdirýärler.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi soňky wagtlarda şol ermeni ýaragly toparlaryň ýolagçy uçarlaryny nyşana alýandygyny habar berdi.

Şol terrorçylykly toparlaryň Azerbaýjanyň howa giňişligini ulanýan ýolagçy uçarlaryň GPS ulgamlaryna garşy radio ýygylygy bulaşdyrýan enjamlar ulanýandygy mälim edildi.

Ministrlik beýanatynda waka bilen baglanşykly rus serkerdeligine maglumat berilmegine garamazdan hiç hili çäre görmändigi aýan edildi.

Ýolagçy uçarlarynyň howpsuzlyklaryna garşy radio ýygylygy bulaşdyrýan enjamlar ulanmagyň kabul edilmesizdigi bellenen beýanatda, ady agzalýan hereketleriň Halkara Raýat awiasiýa düzgünlerine tersdigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Azerbaýjanly 3 Müň 413 Adam Ermenistanyň Goýan Minalary Sebäpli Ýogaldy
Rus Harby Bazasynyň Ermenistana Haýsydyr Bir Goşandy Ýok
Milli Goranmak Minisri Güler, Ilham Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi
Lawrow: Azerbaýjan-Ermenistan Düşnüşmezliginiň Esasy Bölegi Çözüldi
“Garabag Meselesi Dolulygyna Çözüldi”
Aliýew Hankendi Şaherine we Hojaly Etrapçasyna Bardy