Garabagyň Toslama Ermeni Dolanşygynyň Ozalky Prezidenti Ele Salyndy

Garabagyň Toslama Ermeni Dolanşygynyň Ozalky Prezidenti Ele Salyndy

Azerbaýjanyň metbugatynda çykan habarlarda Garabag sebitindäki toslama ermeni dolanşygynyň ozalky “prezidenti” Araýik Harutýunýanyň Azerbaýjanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan ele salynandygy mälim edildi.

Harutýunýan dünýäde haýsydyr bir ýurt tawrapyndan ykrar edilmedik Garabagdaky toslama ermeni hökümetiniň 2020-2023-nji ýyllaryn aralygynda “prezidenti” bolup işläp, 31-nji awgustda wezipeden çekilendigini beýan edipdi.

Harutýunýan 2020-nji ýyldaki 2-nji Garabag söweşinde Ermenistanyň hoşunlarynyň Azerbaýjanyň esasy şäherlerinden Genjäniň merkezine guran raketa hüjüminiň buýrugyny berendigini aýdypdy.

Garabagdaky toslama ermeni hökümetiniň ozalky “prezidentleri” Arkadiý Gukasýan we Bako Sahakýan bilen toslama dolanşygyň parlamentiniň ozalky başlygy Dawid İşhanýanyň hem ele salynandygy we eden harby jenaýatlary sebäpli jenaýat işine çekilmek üçin paýtagt Bakuwa alynyp gidilendigi habar berildi.

Azerbaýjan ozalam Garabagdan gaçýarka toslama ermeni dolanşygynyň döwlet ministri Ruben Wardanýany we toslama dolanşygyň goşunlarynyň ozalky serkerdesi Lewon Mnatsakýany serhet gözegçilik nokatlarynda tussag edipdi.

Ermenistanyň metbugatynda çykan habarlarada bolsa toslama dolanşygyň ozalky döwlet ministri Artur Arutýunýanyň, içeri işler ministri Karen Sarkisýan bilen toslama hökümetiň howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Ararat Melkunýanyň Garabagdan gaçyp, Ermenistana barandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Hakan Fidan Bakuwa Bardy
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Prezident Erdogan Bursada halka ýüzlenip çykyş etdi
Ermenistanyň, ABŞ-nyň we ÝB-niň Arasynda Geçiriljek Maslahat Tarapsyz Çemeleşmesine Zyýan Ýetirer
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady