Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawodynda 1 million tonnadan gowrak karbamid döküni taýýarlanyldy

Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawodynda 1 million tonnadan gowrak karbamid döküni taýýarlanyldy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawodynda 2023-nji ýylda 1 million 32 müň tonnadan hem köp karbamid döküni taýýarlanylyp, bitirilen işiň pul hasabyndaky möçberi 806 million manada barabar boldy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilen karbamid zawodynda gazanylan bu görkeziji, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, önümçiligiň pul hasabyndaky ösüş depgini 122,4 göterime çenli ýokarlanyp, 147 million manatlykdan gowrak işi artyk özleşdirildi. Taýýarlanylan önümiň 828 müň tonnadan gowragynyň daşarky bazarlara çykaryldy. Netijede, bu ugurda gazanylan ösüş depgini 120 göterimden hem geçirilipdir.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda bu ýerde 70 müň tonna karbamid taýýarlamak baradaky meýilnama 24 müň tonna artygy bilen berjaý edildi.

Kärhananyň önümine daşarky bazarlarda, ylaýta-da, Ýewropa ýurtlarynda barha köp isleg bildirilýär. Muňa Hazaryň mawy giňişliklerinden kärhananyň deňiz duralgasyna ýüzüp gelýän, yzy üzülmeýän ýük gämilerini synlanyňda-da, magat göz ýetirýärsiň. Şu ýylyň ýanwar aýynda bu ýerden daşarky bazarlara ugradylan gymmatly önümiň möçberi 99 müň 973 tonnadan geçdi.

Uly geljegi nazarlaýan kärhananyň önümleriniň köp bölegi daşarky bazarlarda ýerlenilip, olardan köp möçberde ykdysady girdejiler gazanylýar. Bu görkeziji geçen ýyl 700 million manatlyga golaýlapdyr. Şunda ýene bir tehnologik täzelik bar: karbamid döküni zawodyň ammarlaryndan konweýerler arkaly daşalyp, deňiz portundaky gämilere ýüklenilýär.

Zawodyň işgärleriniň geçen ýyl ýurduň oba hojalykçylaryna beren karbamidiniň möçberi 95 müň tonna golaýlaýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Garabogaz şäherçesindäki karbamid öndürýän zawodda 270 million manatlyga golaý önüm öndürildi
Mineral dökün ýetmezçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenabadyň dökün zawody 'çagşaýar'
Işçileriň ýarysy işini ýitirdi, Jebeldäki kärhananyň 'geljegi näbelli'
Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy
Zerger Demirbetonönümleri zawody tarapyndan 39 million manatlyga golaý önüm öndürildi
Uçýan awtoulag öndürýän ilkinji zawod