Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawody şu ýylyň geçen ýedi aýynda karbamid döküniniň 463 müň 868 tonnasyny, ýagny öndürilen önümiň 69%-ni eksport etdi.
Gazhimiýa kärhanasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda 668 müň 633 tonna karbamid döküni öndürildi we meýilnama 107,6% ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
“Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamidi hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiagy öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde “mawy ýangyç” esasy çig mal bolup durýar.
“Garabogazkarbamid” iri senagat zawody 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanylmaga berildi. Zawod Daniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň we ABŞ-nyň döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Zawod geçen 2021-nji ýyl boýunça karbamid döküniniň 989 müň 111 tonna golaýyny we suwuk ammiagyň 570 müň 466 tonnadan gowragyny öndürdi.