Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň belent ösüşleriniň waspy.

2026-njy “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly, at myradyň mekany” ýylymyz biziň üçin aýratyn sene.Bedew ýylynyň belent ruhy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toý şatlygy bilen utgaşýar. Ýylymyzyň şygary dillerde dessan, şirin aýdym ýaly bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagt mukamy bolup eşidilýär. Öňde duran baýramçylyk dabaralaryna ähli ulgamlarda zähmet çekýän ildeşlerimiz özleriniň döredijilikli zähmet sowgatlary bilen ruhubelentlikde baş baýramymyzy mynasyp garşylamaga ykjam taýýarlyk görýärler. Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy.

Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi.Has dogrysy, Lebap welaýat kitaphanasynda medeniýet müdirligi tarapyndan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýetilýän belent ösüşleri bilen utgaşykly medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr.Taryhdan belli bolşy ýaly, at çapyşyklary, umuman, ynsan gylykly bedewler türkmen toýlarynyň baş bezegine öwrülipdir.

Türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň hatarynda ahalteke bedewlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ganatly bedewleriň taryhy şöhraty gaýtadan dikeldilýär.Türkmen çapyksuwarlary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän atçylyk sporty boýunça ýaryşlara, halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şunda gönüden-göni Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri milli atçylyk sportunyň we atçylyk sirk sungatynyň dünýäde giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Bu belent ynamdan ruhlanyp, asuda, abadan döwletimiziň tutýan toýlaryna dahylly bolmak biziň üçin uly belent mertebedir.Söhbetdeşlige gatnaşan ildeşlerimiz ýurdumyzda her bir tutulýan tutumly toýlarymyzyň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini we her bir maşgala bagt, agzybirlik, rysgal-döwlet getirmegini hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde umumyadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň peşgeş goýan mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we toplamak boýunça alnyp barýan döwletli işlerinde mydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Bedew waspy söz äleminde
Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
BEDEW BATLY, DÖREDIJILIK RUHY BILEN
Baýramçylyk at çapyşygy geçirildi