GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Sizi agzybirligimizi we bitewüligimizi alamatlandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.Baýramlarymyzyň baýramlara, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hem, däp bolşy ýaly, bu baýram mynasybetli geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşler ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýan mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak buýsançly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr.Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion ýörelgäni amala aşyrýan syýasatymyzyň, Döwlet adam üçindir!, Watan diňe halky bilen Watandyr!Döwlet diňe halky bilen döwletdir!diýen şygarlarymyzyň esasyny düzüp, mähriban halkymyza Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

Biz Esasy Kanunymyzyň adam hukuklary hem-de azatlyklary babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, milli döwletliligimiziň köpasyrlyk tejribelerine, parahatçylyk söýüjilik, dostluk, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerimize daýanyp, synmaz watansöýüjiligimiz, agzybirligimiz, gujur-gaýratly zähmetimiz bilen Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny yzygiderli berkidýäris, ýurdumyzyň depginli ösüşini, raýatlarymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrýarys.

Konstitusiýamyzyň kadalaryna eýerip, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasat strategiýamyzy amala aşyrýarys.Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň degişli mejlisinde 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik orun alan oňyn Bitaraplygymyzyň dünýäde parahatçylygy, dostlugy berkitmekde mümkinçilikleriniň örän uludygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Berkarar döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende göterýär.

Hormatly adamlar!

Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet baýdagymyz jebisligimiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerimiziň mukaddes nyşany hökmünde belentde parlaýar. Zemin halklaryny dost-doganlyga we hoşmeýilli hyzmatdaşlyga çagyrýar, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimizi dünýä ýaýyp, belent maksatlara tarap barýan ýolda mähriban halkymyzy mäkäm jebisleşdirýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bu döwlet nyşanlarymyzyň hem-de mukaddesliklerimiziň kämil hukuk ulgamynyň, täze eýýamyň belent maksatlaryny durmuşa geçirmegiň mizemez esaslaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly çykyşlar, Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynda we durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynda, Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň hem-de Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň Baş baýdak meýdançalarynda ýaýbaňlandyryljak baý many-mazmunly baýramçylyk çäreleri watansöýüjiligimizi we dostlugymyzy, agzybirligimizi hem-de rowaçlyklarymyzy giňden dabaralandyrýar.

Her birimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik işlerine hem-de ösüşlerine galkyndyrýar.

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň ýurduna öwrülen berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylda Zeminiň ilatynyň tas ýarpy bölegi saýlawlara gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli watandaşlaryny gutlady
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ YLMY JEMGYÝETÇILIGINE HEM-DE BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE YLYM, TEHNIKA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR ATLY HALKARA YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARA
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAGTYÝAR ÇAGALARYNA HEM-DE HALKYNA
Aýa Zeminiň medeniýeti barada maglumatlar ýerleşdirilen wagt kapsulasy iberiler